Puluň keýpi

Puluň  keýpi zerur zatlary almak
Özüňi özgäni bagtly edip bilmek

Iň gerek zatlary kagyza geçir
Gerek däl zatlary kagyzdan öçir

Puluň keýpi maksat goýmak öňüňde
Şol maksada ýetjek sen haýsy günde ?

Meýilnama iň bir gerek namadyr
Oýlan , belle başlamaly nämeden ?

Puluň keýpi däldir edenňi etmek
Puluň keýpi ýürek arzuwňa ýetmek

Puly maksat dälde gural edeliň
Geliň şeýdip dogry ýoldan gideliň

Ulanalyň gowja gurallarmyzy
Gural edäýmesin gurallar bizi

Bolmalyň biz kirli puluň gullary
Gaýta gowsy gul edeliň pullary

25.01.2023

Gerçeknazar Amannazarow
1 лайков 180 просмотров
11комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Perman Izakow
04 фев 2023, 09:02
Pul gürlän wagty,hakykat dymar.
Perman Izakow
04 фев 2023, 09:03
Goşgynyň ady gödegiräk.Halamadym halypam.
Perman Izakow
04 фев 2023, 09:07
Puly nädip gul edip bolýaka?
Perman Izakow
04 фев 2023, 09:12
Seniň puldan başga bilýän zadyň ýok.
Pikiriň-zikiriň pul, pul, ýene pul.
Bolmasa-da bizde gul diýilýän zat,
Sen gul! Haram puluň elindäki gul!
Edepli Gödek
04 фев 2023, 10:14
Ilkinji çykarjak rep albomym üçin taýýar single eken bir beat'ini tapsam boldy. Sözleri haladym rep aýtmana laýyk edilip düzülipdir.
Gerceknazar
Автор 04 фев 2023, 18:52
PROLIGA
Goşgynyň ady gödegiräk.Halamadym halypam.


Meniň üçin gödek däl . Entek halypa bolardan ýaş men.
Gerceknazar
Автор 04 фев 2023, 18:53
_Bayat
Ilkinji çykarjak rep albomym üçin taýýar single eken bir beat'ini tapsam boldy. Sözleri haladym rep aýtmana laýyk edilip düzülipdir.


Halan bolsaňyz arkaýyn alyberiň . Başgada meniň goşgylarymy alyp aýdym döredenler bar.
kesirkelle
04 фев 2023, 21:04
Entek halypa bolardan ýaş men.

Halypalyga näçe ýaş toweregi ýetilýärkä takmynan?!. Ýalñyşmasam siz 26 ýaşymda diyipsiñiz bir ýerde. Ýene bir ýyldan esgerlik ýaşyndanam çykýan ekeniñiz...
Gerceknazar
Автор 04 фев 2023, 21:39
kesirkelle
Entek halypa bolardan ýaş men.

Halypalyga näçe ýaş toweregi ýetilýärkä takmynan?!. Ýalñyşmasam siz 26 ýaşymda diyipsiñiz bir ýerde. Ýene bir ýyldan esgerlik ýaşyndanam çykýan ekeniñiz...


Halypalyga näçe ýaşda ýerilýänliginä bilemok ýöne maňa halypa diýmäň gaýrat ediň.
kesirkelle
05 фев 2023, 00:12
Men ä şonsuzam (bu ýerde onda da) hiç kime halypa diýemok:)))
Jumamyrat
06 фев 2023, 14:06
Halypalyk ýaş saýlonok şol ugurdan gowy baş çykarýan yzyndakylary özünden ökde çykarýan adama halypa diýilýän bolaýmasa.Aýdylýara Şägirt halypadan ozdurmasa hünär ýiter diýip