BARYNDAN LEZZET AL
BARYNDAN LEZZET AL
Köneden gelýän bir adata göwnüm gidensoň, ony esasy durmuş
ýörelgäme öwürdim: «Özümde ýok zada ýa-da özümiňki däl zada göz
aýlamazlyk hem-de gazanyp bilmejek zadymy küýsemezlik gerek».
Hemişe özüme gelişýän lybaslary geýinýärin, özüme kybap
donlara bürenýärin. Meni az salymlyk ýokary galdyryp, soňam öňki
tebigy ýagdaýyma getirip goýjak towsuşlardan, böküşlerden lezzet
almaýaryn.
Ulag satyn almak üçin karz alýan dostumdan gaty görýärdim.
Ol özüne-de, maşgalasyna-da agyr ýük, urna bolýardy. Oňa: «Öz
derejäňde ýaşaber, eliňde bar zatlardan lezzet al, şolaryň hözirini gör.
Sen heniz beýle ulag satyn alardan bäş ýyl dagyn ir terpenýärsiň.
Heniz gazanmadyk derejäňde ýaşamaga neçün howlugýarsyň?»
diýip, nägile bolýardym.
Soňra daş-töweregimdäki adamlara göz aýlap, döwrümizde örän
köp adamyň öz mümkinçiliklerinden bir ýa-da birnäçe ädim öňde
ýöreýändiklerine düşündim.
Bir gün meşhur hekimleriň biriniň ömür beýanyny okanymda
şeýle wakanyň üstünden bardym. Akylyň goýalyşyp, durmuş wakalaryna siňe-siňe nazar salanyňdan soňra, bu sözleriň manysyna has-da
çuň düşünýärsiň.
Günleriň birinde bir dananyň ogly elem-tas bolup, ylgap gelipdir:
«Kaka, buşluk, bir hoş habar bar, bazarda kilosy bir dinardan hurma
satylýan eken. Satyja bir çuwal hurmany aýryp goýmagyny haýyş et-
dim, pulumy alyp gelýänçäm garaşmagyny soradym...» diýipdir. Dana
ýaşuly bu sözlere ýylgyrypdyr we ogluna bakyp: «Şu iki dinary al-da,
oňa düşýän zerur zatlary al» diýipdir.
Ogly kakasynyň sözlerine geňirgenipdir-de, hiç hili garşylyk
görkezmezden, bazara eňipdir. Aradan köp wagt geçmänkä, kakasy
ogluny ýanyna çagyrypdyr: «Bu günler bazarda hurmanyň nyrhy
näçe boldy?» diýip sorapdyr. Ogly: «Bir kilosy bäş dinara çykdy»
diýipdir. Kakasy: «Bar, onda, gitde, bir çuwal hurma getir» diýip,
ogluna pul uzadypdyr. Ogly muňa geň galypdyr: «Kaka, seniň bolşuň
birgeňsi, hurmaň bahasy bir dinarka almakdan ýüz öwürýäň. Bäş
dinarka bolsa göwünjeň satyn alýaň» diýipdir. Kakasy: «Oglum,
hurmaň bahasy bir dinarka meniň ýanymda iki dinardan başga pul
ýokdy, emma bu wagt pulum kän, gurbum bar, şonuň üçin hem
arkaýyn alýaryn» diýipdir.
Akyldarlaryň ýöreýän iň dogry durmuş ýörelgesi – zada zar
bolmazlyk strategiýasy. Gazanyp bilmeýän, häzirki pursatda ýagdaýyň
ýok zady küýsäp, isläp başlasaň, dessine onuň tamasyny hem, pikirini
hem kalbyňdan çykar. Diňe şeýtmek bilen ony gazanmak tomaşasyndan
we onuň täsirine berilmekden halas bolarsyň. Ýogsam, ýagdaýyň ýok
zada gultunyp, gaýta-gaýta ýatlap ýa-da göz gezdirip dursaň, ol seni
birahat we ynjalyksyz eder. Köp zatlara ünsüňi jemlemekden sowar.
Has ýamany-da, özüňde bar zatlaryň we daş-töweregiňdäki zatlaryň
ajaýyplygyny, gözelligini görmekden mahrum bolarsyň, ýakymly
zatlaryň gözelligini duýup bilmersiň.
Biz isleýän her bir zadymyzy gazanyp bilmeýäris ahyry. Ýöne
göwnüň, nebsiň küýseýän ol-bu zatlary hemişe peýda bolar du-
rar. Şunuň ýaly ýagdaýlarda ýüregimizi we ruhumyzy ynjaldyrmak
islesek, biz Allanyň beren nygmatlaryna, akyl-ukyplaryna razylykwe kaýyl-kabullyk gözi bilen bakmalydyrys. Şonda biz heniz köp
adamlaryň özümizde bar zatlary arzuw edýändiklerine göz ýetire-
ris. Özümiziň nygmat kölünde gulaçlap ýüzýän ynsanlardygymyzy
duýarys. Emma näme üçindir biz şeýle ajaýyplyklary duýmaýarys
ýa-da olaryň barlygyndan hem bihabar gezýäris.
Omar ibn al-Hattab bir dirhem bahasy bolan bir nahary iýmek
islese, ony bir ýyl soňa süýşürer eken. Ol nahary hakykatdan hem özü-
niň iýmek isländigini ýa-da nebsiniň islegidini bilmek üçin şeýder eken.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.