Allanyň ýok ýeri
Dokuz on ýaşlaryndaky çagajyk obanyň ýollaryndan gidip barýardy. Ýoldaky hemme zada seredýärdi, olary üns bilen synlaýardy. Oturyp gülleriň ýapraklaryny sypady, ýumuşajyk ýapraklardan lezzet duýdy. Soňra bir gurçuga gözi düşdi. Ýuwaş-ýuwaşdan süýrenişine seretdi. Soňra bir owadan dürli reňkli kebelegiň öz üstünde ganat kakyşyny gördi. Biraz wagt kebelegiň yzyndan ylgap bökjekledi. Soňra bir agajyň depesindäki guş höwürtgesi ünsüni çekdi. Höwürtge şeýle bir ussalyk bilen ýasalypdyr welin oglanjyk seretmek bilen lezzet alýardy. Soňra-da bir guşuň şirin owazyny diňledi. Şeýdip çagajyk töweregindäki zatlardan lezzet duýup ýoluna dowam edýärdi.
Meýdanda işläp ýören Alla ynanmaýan bir daýhan ol oglanjygy ýanyna çagyryp nireden gelenini sorady. Oglanjyk goňşy obada çagalar üçin guralan dini söhbetdeşlikden gelýänini aýtdy;
- Alla barada kän zat öwrendim.
- Hmm, diýmek şeýle hä? Onda sen maňa Allanyň nirededigini aýtsaň saňa ullakan bir şekolad alyp bereýin.
Oglanjyk ýylgyryp ýnam bilen şeýle diýdi:
- Daýy , sen maňa Allanyň gudratynyň we sungatynyň ýok ýerini aýdyp ber, men saňa bir kilo şekolad alyp bereýin.
Beýle jogaba garaşmadyk daýhan, bir söz hem aýdyp bilmän ýüzüni gyzardyp çaganyň ýanyndan uzaklaşdy.

2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.