ALABAÝ BARADA GOŞGYLAR (Ejegyz agzanyň haýyşy boýunça )

Gije-gündüz gapymyzda
Sakçy bolar alabaýym
Goýna gitsem goýnumyza
Bekçi bolar alabaýym

"Yssy" diýmez ," Sowuk" diýmez
Howlymyzdan hiç aýrylmaz
Öýüňe ýat adam gelmez
Sakçy bolar  alabaýym
 
Guýryjagny bulaýlaýar
Göýä täsin tans oýnaýar 
Şeýdip göwnüňi awlaýar
Akyllyja  alabaýym

Seretsene seret siňe
Hyzmat edýär diňe maňa
Wepalydyr eýesine
Şekillije alabaýym

Iň wepaly jandar sensiň
Iň sapaly jandar sensiň
Oňup bormy heýem sensiz
Asyllyja alabaýym

Gerçeknazar Amannazarow
 
3 лайков 1 587 просмотров
18комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Gerceknazar
Автор 07 фев 2023, 02:12
Alabaýyma...

Durardyň daşarda ýüpe daňylyp
Yssyda , sowukda , garda, ýagyşda
Galdym bu gün agylarma ýeňilip
Meni bagyşla

Juda agyr borly beýle kysmatyň
Her zat etdiň ýaranmadyň eýäňe
 Ahyrynda "Itden bizar "diýdide
Kowdy seni o ýana hem bu ýana

Iň soňunda kölde daňyp goýdylar
Sakçy bolup galdyň mydam şol ýerde
"Wepaly it ýitip öler" diýdiler
Wepaly ýoldaşym indi sen nirde?

Gerçeknazar Amannazarow
 
Perman Izakow
07 фев 2023, 02:32
Bekçi diýmek türkçeden terjime edende garawul bolýamy
Pegas
07 фев 2023, 02:35
Asyllyja alabaýym

Asylly bolanda, aňyrsy beg, töre, işanmy ýa?)))
Edepli Gödek
07 фев 2023, 02:57
Seretsene seret siňe
Hyzmat edýär diňe maňa
Wepalydyr eýesine
Şekillije alabaýym
? siñe seretjek bolsañ bir ýeriñden bir böreklik goparyp alar. Özem öýe ýat adam getirmeýân bolsa. Diñe saña hyzmat edýân bolsa-ha çyndan gowydyr ol. Çaý-suwuňa seredýä dälmi özi?!
Edepli Gödek
07 фев 2023, 03:00
Iň wepaly jandar sensiň
sapaly jandar sensiň
Wepala düşünýän welin sapaly bu ýerde diňe kapyýa üçin ulanylan gerek şeýle dälmi agam? Kapyýa bolsa boldyda esasysy hä dämi?
Edepli Gödek
07 фев 2023, 03:01
Indiki goşgylaryňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýan
Pegas
07 фев 2023, 03:09
_Bayat
Iň wepaly jandar sensiň
sapaly jandar sensiň
Wepala düşünýän welin sapaly bu ýerde diňe kapyýa üçin ulanylan gerek şeýle dälmi agam? Kapyýa bolsa boldyda esasysy hä dämi?

Sapa - keýp)))
Venus
07 фев 2023, 04:17
_Bayat,
Çaý-suwuňa seredýä dälmi özi?!


Aýtjak bolup durdym. Şu toçna itmi ya adammyka diýip))
Venus
07 фев 2023, 04:24
****
Şеkillije ? Еto çto???
Şеkilsizem zat barmyka, eýsem ?!
Bolsa-da şekilsiz (formasyz) it barmyka???
Oňup bormy, heýem sensiz

Nä, ölse öläýmelimikä?
Seretsene seret siňe
Hyzmat edýär diňe maňa

Başga zatlar edeňzok dälmi, özi)))
Gerceknazar
Автор 07 фев 2023, 07:38
Tüweleme tankytlamana iliň üstünden gülmäne ökde ekeniňiz . Ýöne Enejan:

Salam. Gowumy ýagdaýlaryňyz?!
İtler,Alabaý hakynda goşgy gerek? Bilýän bolsaňyz ýazaýyň.

diýende biriňizdenem ses çykmady. Siz diňe adamyň üstünden basýaňyz adama kömek etmäň deregne .( bu setirler profennonal tankytçylara degişli)
Suleyman
07 фев 2023, 09:56
Tüýs "sargyt" bilen ýazylan goşga meňzeýärem...
Dowsypat
07 фев 2023, 10:15
Durardyň daşarda ýüpe daňylyp
Yssyda , sowukda , garda, ýagyşda
Galdym bu gün agylarma ýeňilip
Meni bagyşla

Juda agyr borly beýle kysmatyň
Her zat etdiň ýaranmadyň eýäňe
Ahyrynda "Itden bizar "diýdide
Kowdy seni o ýana hem bu ýana

Iň soňunda kölde daňyp goýdylar
Sakçy bolup galdyň mydam şol ýerde
"Wepaly it ýitip öler" diýdiler
Wepaly ýoldaşym indi sen nirde?


Itiň eýesi nä iti gynamany halaýan bir manýakmy?Ite berip bilen azabyny beripdir.

Goşgyň ady "Alabaýyma" diýip dur.Diýmek, itiň eýesi sen bolmaly.

Juda agyr borly beýle kysmatyň
Her zat etdiň ýaranmadyň eýäňe
Ahyrynda "Itden bizar "diýdide
Kowdy seni o ýana hem bu ýana

Özüňe ýaranyp bilmänligi üçin iti kowan ýene seň özüň bolmaly.

Iň soňunda kölde daňyp goýdylar
Sakçy bolup galdyň mydam şol ýerde
"Wepaly it ýitip öler" diýdiler
Wepaly ýoldaşym indi sen nirde?

Düşünmedim,näme üçin it kölde daňylan.Balyklary goramak üçin goýulanmy?

Wepaly ýoldaşym indi sen nirde?

Kölde ýoldaşyň.Eýesi hökmünde özüň daňyp gaýdypdyňa.
#B.S
07 фев 2023, 10:26
Dowsypat.,
Döw aga özüňmi awtory?
Dowsypat
07 фев 2023, 10:35
Döw aga özüňmi awtory?

Goşgyň awtory:Gerçeknazar Amannazarow
#B.S
07 фев 2023, 10:39
Dowsypat.
Döw aga özüňmi awtory?

Goşgyň awtory:Gerçeknazar Amannazarow

1nji teswirini okamandyryn ?
Ejegyz.
07 фев 2023, 12:56
Sagboluň, Gerçeknazar! Taňryýalkasyn!
Ejegyz.
07 фев 2023, 13:49
Çagalardan, 3-nji,4-nji klas okuwçylardan biri haýyş edipdi maňada.
Goşgy gerek diýemde,okabam teswirsiz geçen agzalaryň goşgyň üstünden ýazan teswirlerini...
Gerceknazar
Автор 07 фев 2023, 19:10
Ejegyz
Sagboluň, Gerçeknazar! Taňryýalkasyn!

Seneň janyň sag bolsun . Bile ýalkasyn.