Sil bolar boldy

Gije-gündiz aglamakdan «ýar» diýip,
Indi gözüm ýaşy sil bolar boldy;
Bilbil idim, saýrar idim «gül» diýip,
Saýragan tillerim lal bolar boldy.
Diýmez boldum ahyr «ýar-ýar» diýmekden,
Ýok boldum, tükendim gussa iýmekden,
Eý ýaranlar, gam öýünde köýmekden
Elip dek kamatym dal bolar boldy.
Aklym çaşdy, gitdi dumly-duşuna,
Ahyr gark bolar men gözüm ýaşyna,
Şirin janym düşüp yşk ataşyna,
Ýanyp eda bolup, kül bolar boldy.
Gözüm aglar, köňlüm ýary unutmaz,
Hiç sowulmaz, duman serimden gitmez,
Gaýgy bilen gün ýyrakdyr, daň atmaz,
Her bir günüm indi ýyl bolar boldy.
Zelili zar aglar, bikarar bolup,
Sabyr ýoly menden gyrak sowulyp,
Rahatym kemelip, hasrat köpelip,
Derdi-elem maňa bol bolar boldy.
1 лайков 98 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.