GENIÝ (ýarym degişme)
Myhmanhana.
Bir şahyryň jaýynda
Gidýärdi al-elwan şeraply meýlis.
Otyrdy şahyrlar çilim çekişip,
Otyrdy gözeller al-elwan geýnip.
Şahyrlaň kellesi bolansoň humar,
Goşgy okadylar gezek-gezegne.
Äpet yhlas bilen okadym menem
Bir goşgymy öz gezegim gelende.
Goşgymyza gyzlar baha kesdiler,
Biri «Oňat» diýdi,
Biri «Ajaýyp!»
Soň göterlip, ýene-de kän okadyk
Ganatlanyp,
uçup,
asmanda gaýyp.
Soňra biraz öwünibem başladyk,
Biz başladyk,
Gyzlar öwmesin goýdy.
Şahyrlaryň biri «Men beýik!»—diýdi,
Başga biri bolsa, «Meň geniý!»—diýdi.
Öwünmekde gezek ýetdi maňa-da,
Kelleler tost ýaly aýlanyp durdy.
Öz göwnüme
meniň okan goşgulam
Genileň şygryndan saýlanyp durdy.
Men diýdim:
«Geniler diňe goşgusy
bilen däl-de,
ir ölümi bilenem
Geniligin subut edip gidipdir,
Şolar ýaly subut ederin menem!» —
Gözüniň alnynda öläýjek ýaly,
Meni gujaklady meni söýen gyz.
...Meýlis gutarypdyr,
gijäň bir wagty
Öz bolýan jaýymda ýatyryn ýalňyz.
Birden ýuwaşjadan açyldy gapy,
Çyrany ýakdylar,
ýagtyldy jaýym.
Seretsem işikde bir ýaşuly dur,
Ýok,
ýaşuly däl-de,
durdy Ezraýyl!
Gaty gorkdum,
ýogsam gorkunjam däldi
Ak sakgally,
peşeneli perişde.
Diýdi: — Seniň jaýyň myhmanhana däl,
Gider bolsaň,
ýörgül, oglum, behişte.
Undupdyryn,
öz owazyň ýetişdi,
Ine, perman,
seniň janyň almaly. —
Tas gidipdim,
ýöne welin birbada
Başarmadym düşegimden galmagy.
Soňam aýtdym: — Sen, ýaşuly, gapyňy
ýalňyşypsyň,
geniý men däl,
goňşudyr.
Oň şeýle bir ajap goşgulary bar,
Meň goşgymyň ady diňe goşgudyr.
Şoň üçinem gezek onuňky, agam —
Diýdim-de, goňşymy berdim men salgy.
Ynanjaň perişde gidip goňşymyň
Goşgusyndan gowşak janyny aldy.
Genilikden halas bolup men ýene
Ynanyp ýatyrdym geniligime.
✏Atamyrat ATABAÝEW
Bir şahyryň jaýynda
Gidýärdi al-elwan şeraply meýlis.
Otyrdy şahyrlar çilim çekişip,
Otyrdy gözeller al-elwan geýnip.
Şahyrlaň kellesi bolansoň humar,
Goşgy okadylar gezek-gezegne.
Äpet yhlas bilen okadym menem
Bir goşgymy öz gezegim gelende.
Goşgymyza gyzlar baha kesdiler,
Biri «Oňat» diýdi,
Biri «Ajaýyp!»
Soň göterlip, ýene-de kän okadyk
Ganatlanyp,
uçup,
asmanda gaýyp.
Soňra biraz öwünibem başladyk,
Biz başladyk,
Gyzlar öwmesin goýdy.
Şahyrlaryň biri «Men beýik!»—diýdi,
Başga biri bolsa, «Meň geniý!»—diýdi.
Öwünmekde gezek ýetdi maňa-da,
Kelleler tost ýaly aýlanyp durdy.
Öz göwnüme
meniň okan goşgulam
Genileň şygryndan saýlanyp durdy.
Men diýdim:
«Geniler diňe goşgusy
bilen däl-de,
ir ölümi bilenem
Geniligin subut edip gidipdir,
Şolar ýaly subut ederin menem!» —
Gözüniň alnynda öläýjek ýaly,
Meni gujaklady meni söýen gyz.
...Meýlis gutarypdyr,
gijäň bir wagty
Öz bolýan jaýymda ýatyryn ýalňyz.
Birden ýuwaşjadan açyldy gapy,
Çyrany ýakdylar,
ýagtyldy jaýym.
Seretsem işikde bir ýaşuly dur,
Ýok,
ýaşuly däl-de,
durdy Ezraýyl!
Gaty gorkdum,
ýogsam gorkunjam däldi
Ak sakgally,
peşeneli perişde.
Diýdi: — Seniň jaýyň myhmanhana däl,
Gider bolsaň,
ýörgül, oglum, behişte.
Undupdyryn,
öz owazyň ýetişdi,
Ine, perman,
seniň janyň almaly. —
Tas gidipdim,
ýöne welin birbada
Başarmadym düşegimden galmagy.
Soňam aýtdym: — Sen, ýaşuly, gapyňy
ýalňyşypsyň,
geniý men däl,
goňşudyr.
Oň şeýle bir ajap goşgulary bar,
Meň goşgymyň ady diňe goşgudyr.
Şoň üçinem gezek onuňky, agam —
Diýdim-de, goňşymy berdim men salgy.
Ynanjaň perişde gidip goňşymyň
Goşgusyndan gowşak janyny aldy.
Genilikden halas bolup men ýene
Ynanyp ýatyrdym geniligime.
✏Atamyrat ATABAÝEW
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.