Git!

Git!
Uzagyndan uzagna ýol ýasap,
Eziz görlen mesgeniňi terk etde
Açykdyr ýüregmiň araçäkleri
Ne gözegçi, ne soldat bar serhetde

Açylandyr - ähli "delje ýurtlaram",
Açyk saňa derýa, deňiz, dag etek
Saýla özüň: otly, gämi, ýa uçar
Alyp berjek isläniňe bir petek

Gideňde goýmagyn birje goşuňam
Senden galjak hiç bir zadam bolmasyn
Gitgin, soňra ýaşamasyn hiç kimem,
Taşlajak men "Herosimaň" bombasyn

Azaşyp barsam "Ýürek" ýurduňa,
Kow!
Ýapgyn ähli serhetleri berk etde
Ýatlamaga ýeke pikir galmasyn,
Unut barsyn!
Undyp bilseň, elbetde...!


Ylham GURBANALYÝEW
2021.12
5 лайков 169 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Yusupahmet93
09 фев 2023, 20:33
Shygryñ liriki gakrymany real, dogrysy pany durmush-yachayyshyñ gyltyz gylyklaryndan bez bolan halda ozuniñ arman ahmyrlaryny ideal arzuw islegleriñ yolu dan sowmaga, gyraa tashlamaga calyshyar. Yamanlyklaryñ yagshylyklardan acyk aydyñ saylanmagyny kuyseyar. Hossaly omruñ gaytadan bashlangyjyna perwaz uryar, gowni saap bi hasrat omruñ gozbashyna sary meÿillenyar.
Ajaŷyp
Ajaŷyp
09 фев 2023, 21:13
Shunam uyship oyermelimi namemi
Abdylla36
09 фев 2023, 21:18
Goshgynyñ bir köpüklik gymmaty yok. Mazmun ideyallyk isleg derejisinde bolmalymy.onda shygyrda Herosimo.Petek yagny yol rugsatnamalarynyn ady ullanylmasa.bashga gornushde ullanylsa yagshy
Abdylla36
09 фев 2023, 21:21
Otly.gami.uçar terminlero goshgynyñ mazmunyna.has dogrysy ruhyna sygyshanok.
Abdylla36
10 фев 2023, 11:43
Yusupahmet93
Shygryñ liriki gakrymany real, dogrysy pany durmush-yachayyshyñ gyltyz gylyklaryndan bez bolan halda ozuniñ arman ahmyrlaryny ideal arzuw islegleriñ yolu dan sowmaga, gyraa tashlamaga calyshyar. Yamanlyklaryñ yagshylyklardan acyk aydyñ saylanmagyny kuyseyar. Hossaly omruñ gaytadan bashlangyjyna perwaz uryar, gowni saap bi hasrat omruñ gozbashyna sary meÿillenyar.

Teswire gowy dushunmedim