✏✏✏

Kalbyma kök uran umydym bardy,
Ýokardady arzuwlarym bulutdan.
Seň şalygyň bardy göwnümde, emma
Neçüýn baryn ýele zyňdyň, unutdyň?

Umydymy şemal öçürdi eýýäm,
Arzuwlarmyň boýy barmagym ýaly.
Gideňde, salgyňy goýup git, dünýäm,
Hatda azaşybam barmazym ýaly..!

Mukam Muhamow
3 лайков 119 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Yusupahmet93
10 фев 2023, 00:13
Gowy goşgy.
,, Yokardady arzuwlarym bulutdan" dal-de,
,, Arzuwlarym ÿokardady bulutdan" bolanda, yagny, sozleriñ yeri calshylanda shygyr has hem owazly cykaÿjak eken. Manaa zeper yetjegem dal eken.
Abdylla36
10 фев 2023, 11:40

Dogry