***

***

Böwenjik deý pökgerýärsiñ kämahal,
Wagtal-wagtal hepbik bolup igleýäñ.
Ýallandyryp bilmesem-de dowamly,
Hoşal sabyryña: "Men aç" diýmeýäñ.

Hemra edip alan günümden bäri,
Baş-aýaksyz garnyň doýuryp gezýän.
Ýakynym sen, bolmasa-da ant, wepaň,
Seni unutmaga hetdim ýok, bilýäň.

Çünki sen abraýmyň geýnen geýimi,
Aladaň az bolsa, bu meniň günäm.
Emma berkiräk bol, sepiň açylyp,
Meni birden salaýma sen kyn güne.

...Gyşda penjegimde, howa maýlasa,
Köýnegimiñ kisesinde göterýän.
Seni asylha-da halaýan welin,
Doly wagtyñ juda, juda eý görýän.

***

Men bir bent ýazdym:
Süýji agy bilen başlanýan,
Dowamy duýguly, lezzetli,
Soň alada ýazyp gidýän,
Kä ýerinde gussa çekýän,
Ýazla-ýazla, iň soňy hem
Ajy agy bilen soňlanýan...

Men bir pent ýazdym!

Wepa Pirnepesow
4 лайков 107 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Perman Izakow
13 фев 2023, 00:22
Goşgydan hiç hilli düşinje many tapyp bilmedim dogrsy.Näme hakda aýdylýanam belli däl.Ne goşgyň ady bar.Başy nähilli başlaýar soňy nähilli gutarýar...
Pegas
13 фев 2023, 05:53
PROLIGA
Goşgydan hiç hilli düşinje many tapyp bilmedim dogrsy.Näme hakda aýdylýanam belli däl.Ne goşgyň ady bar.Başy nähilli başlaýar soňy nähilli gutarýar...

Birinji goşgy gahrymanyň gapjygy (кошелёк) hakda. Ikinji goşgam şahyryň ruhy ahwaly. Goşgular gaty oňat.