SALAM, GUSSAM!

Salam, gussam!
Geliber.
Geçiber sen törüme.
Biz, ikimiz ýeke görşen tanyş däl,
Ýakynlygymyz gardaşdanam ötürdi,
Aýyp däl,
aýyp däl bile bolmagmyz.
Şuňa uly ilem akyl ýetirdi.
Olar indi bizi birdir öýdýär.
Menem indi seni ýigrenemog-a,
Ah, söýýän diýsemem galat aýdýan.

Bor-la, söz kowlamak nämäme derkar,
Jan-tenimiz, ruhumyzam bir ahyr.
Nirde sen başlanýaň – nirde gutarýan,
Bilemok.
Gör ahyr!

- Salam, gussam!
Geliber.
Medeniýetli bolan bolma soraşyp.
Resmilik gerekmi, ýeri, dost, bize.
Onsoň menem däl öňki deý çagajyk,
Haçan gaýtdyň bakyp meniň meýlime.
“Ýakyn dostam geliberse bisorag,
Irizer” diýip getirme sen göwnüňe.
Ýüzüňde görünse ynjy ýa ünji,
Sanjy bolar böwrüme.

Ozallar geleňde sebäpli gerdiň.
Büdresem, durmuşda ejizlik görsem,
Hudaý bilen galan ýetimi görsem,
Akyldan aljyran dälini görsem,
Erkeklerden erkek lolyny görsem,
Baham mugt bolanda gara bazarda,
Sypaýy dostlarym badak atanda,
Sen häzir borduň.

Indi geliberýäň ýok ýerden sebäp,
Dostluk söýgä ýazan bolsa bildiňmi?!
Ýaşadykça göwnüm zenandan sowap,
Saňa göwün beren bolsa bildiňmi?!

Görýän, sözlerimde kinaýa duýýaň,
Hemem sen özüňi günäli duýýaň,
Eger şeýle bolsa, sen maňa ynan,
Tüýs ýürekden diýýän:
Kyn günlerde bolduň meniň hossarym,
Hoşlukda mesirgäp ýitiren zatlam
Az bolmandy senden tapan wagtlarym.

Hemem seniň bilen men Haka ýakyn,
Diňe senden geçýär Oňa barýan ýol.
Onsoň seni maňa küşgürse her kim,
Bu ýagşylyk üçin alar köp sag bol.

Ýanyp, bişip, ýitip oňa gowuşmak-
- Ynsana bagt barmy, heý, şundan zyýat.
Şoň üçin geliber, gujagym açyk.
Gussam, geleniňe juda,
juda… şat.

Baýram AKATOW.
11 лайков 256 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
13 фев 2023, 18:32
Mugallymdan garaşylmadyk gowşak goşgy.
Esma
Автор 13 фев 2023, 19:09
Pegas,
Näme üçin gowşak goşgy? Has gowy goşgulary bar bolsa paýlaşyň-da.
Aksary
13 фев 2023, 20:47
Hiç zat ýok ýerden gussanyñ basmarlamasy.gowja.
Öwreniji
14 фев 2023, 00:40
Indi geliberýäň ýok ýerden sebäp,
Dostluk söýgä ýazan bolsa bildiňmi?!
Ýaşadykça göwnüm zenandan sowap,
Saňa göwün beren bolsa bildiňmi?!
Şu bendi aýyryp okasañ gowy ýaly göwnüme.
Pegas
14 фев 2023, 06:55
Esma
Pegas,
Näme üçin gowşak goşgy? Has gowy goşgulary bar bolsa paýlaşyň-da.

Nädogry düzülen sözlemler, okalandaky büdremeler hemem gaty uzyn ýazylmagy... Akatow mugallymymyza gelişenok.