Aýralyk mukamy

AÝRALYK MUKAMY

Tamdyraň agysy, gyjagyň zary —
Ine, maňa bar ýeten zat Watandan.
Gowy dälmi ýat ülkede erkinlik
Öz iliňde gözenekde ýatandan?!
Ýa gabyrda ýatandan,
Ýa dereksiz ýitenden...

Aç ölen ýagşy dälmi
Mertebäňi satandan?!
Utulan gowy dälmi
Haram oýnap utandan?!

Tamdyraň agysy, gyjagyň zary —
Dogduk mekanymdan maňa ýeten paý.
Ýeriň ol ujuna zyňsa-da ykbal,
Gursagymda — Watan, depämde — Hudaý.

Gara dagyň gaýasy,
Ak sähranyň düýesi,
Garagumuň towşany,
Köpetdagyň ýowşany,
Atlaň haýkyrýan sesi,
Ömrüň düýni, ertesi
(Şu güni, şu wagty däl,
Düýni bilen ertesi).

Gelin deý tebigatyň
Ýaşyl mahmal kürtesi,
Dogan-gardaş, dost-u-ýar,
Maňa garaşýan diýar...
Baryny jemländir bu goşa senet,
Bu goşa gudratyň zoruna seret!
Sag bolsaň däliretjek,
Däli bolsaň sagaltjak,
Aýyrjak, dert az bolsa,
Köp bolsa hasam artjak.

Sazy gulak däl-de, gursak diňleýär,
Sazy ýürek çalýar, barmak çalanok.
Erkek bolsaň, aglamagam gelşiksiz,
Adam bolsaň, aglamanam bolanok...
6 лайков 143 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hiayress26
Автор 17 фев 2023, 22:00
Eý-ho!
Onuň sesi bar üýtgeşik.
Gygyranda jaýryk atýar diwarlar.
Ker pahyr gözlese girere deşik,
Ker däl biçäreler neneň çydarlar?!

O biri ýazypdyr şeýle bir goşgy:
Diňlän, diňlemedik — bary armanda.
Ol şeýle bir taryp edipdir köşgi,
Ady birinji dur ähli permanda.

O biri saz düzüp, şeýle bir joşan,
Diňläp ýeke dyza galyp bolanok.
Ähli saz guraly bir ýere üýşen,
Diňe tamdyrada çalyp bolanok.

Ýok, beýle sungata türkmen näbelet,
Goý, oňa halypaň “Humaralasyn”.
Aýdym-saz ýaňlanýar şeýle bir belent,
Basyp bir milletiň ýuwaş agysyn.