Şugün meni söýseň bolýar.

Gülden görkli, hem aý ýüzlim
Kalby tämiz, humaý gözlim
Käte aýan, käte gizlin
Şugün meni söýseň bolýar.

Düşün, bile hoşdugyma
Sensiz göwre boşdugyna
Çydap ara daşlygyna
Şugün meni söýseň bolýar.

Arzuw-uly, umyt-kiçi
Sabyr saňa kyndyr neçün?
Bagtdan dogjak günler üçin,
Şugün meni söýseň bolýar.

Söýen ýürek köýmez ýaly
Aýralygam söýmez ýaly
"Düýnem bardy" diýmez ýaly
Şugün meni söýseň bolýar.

Günler geçer düzüm-düzüm
Ömür bir gün öwrer ýüzün
Şoňa çenli diýjek sözüm
Şugün meni söýseň bolýar.


Ylham GURBANALYÝEW
2022
7 лайков 122 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
18 фев 2023, 07:13
Aýdym ýaly goşgy eken. Akgynly. Züleýha Kakaýewada baram öýdýän şuňa meňzeş aýdym.
Venus
Автор 18 фев 2023, 08:12
Pegas,
Salawmaleýkim agam. Şeýle öýtýän. Ýakynda bir ýerde-hä eşitdim.
Belki
18 фев 2023, 10:08
"Gel, şu gün gel ýetiş dada
Şu gün gelmeseñ bolmaýar"

Kakamyrat Rejebow.
Nury
18 фев 2023, 23:53
,,Tükenmez kalbyň zary hiç,
Galan zatlaryň bary giç,
Ýa ir bolar, ýa juda giç,
Sen bir zady bilseň bolýar"
Şeýleräkdi öýdýän Züleýha Kakaýewanyň aýdymyndaky, menem başda goşgyň adyny okanymda, şol aýdym ýadyma düşüp gitdi. Awtora uly üstünlikler!
Nury
18 фев 2023, 23:55
,,..Galan zatlaryň bary hiç" bolmaly