Ýerdäki melegim

...Käte düşünip durmuşa,
Göwnüme getirsem gussa,
Eje, meni çagajyk deý
Gujakla, ellermi gys-da.

Ynanaýyn bu synagly
durmuş oýun däldigine.
Goýberilen hatalaryň,
Akylly bir dälidigne.

Kä ýykylsam, saýgarmasam,
Ýollaryň beýigin-pesin.
Gujagyňda başym goýup,
Dökeýin ýüregmiň posun.

Hasapsyz zat ýok ahyryn,
Göwünde goýma:ly kine.
Ykbaldan haýyş eýlesem,
Mähir berermi kireýne?!

Ýok, seň ýazdan ýyly mähriň,
Tapylgysyz genji-baýlyk.
Hakdan soňra enelere,
Baş egýändir ähli barlyk.

Ýylgyr, birje ýylgyrşyňa,
Bütin dünýämi bererin.
Barlygym, baýlygym, barym
Sensiň Ýerdäki melegim!

Nury SAKÇYÝEW
Çeşmesi: ,,Garagum" žurnaly, 3/2022
8 лайков 127 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Studentt
19 фев 2023, 10:53
?? Gou
Yusupahmet93
19 фев 2023, 21:34
Dunyaniñ ruhy diregi bolup duryan ENE perzentleriniñ yurek yagydyr. Perzent ucin enesiz dunya dar gorunyar. Shahyryñ yurekden syzdyryp aydyshy yaly, ene bagrynyñ yylysy perzendine durmush hasratynyñ icinden rahatlyk mahrini alyp cayyar. Perzent rahatlanyar. Gussa urgusy bilen zarply uryan yurek ene kalbynyñ mylayym mahrinden saba serginligini tapyar. Perzent ruhy dunyasi, durmush hoossalary hem-de ene mahri ayratyn bir uclige owrulup, shygryñ mazmunyna gozellik gorkini beryar.