ŞU GÜNKI EDEN GOWY IŞLERIM

Şu gün irdenjik üstümdäki gowy ýapylan ýorgany aýyrdym-da, dogup gelýän gowy Güne seretdim. Soň ýerimden gowy edip turdum. Gowy edip ýuwundym. Ondan soň gowy komnatdaşym gowy çaý demläp goýupdyr. Ol hem gowy çäýnegiň içinde. Soň gowy käsä gowy çäýnekdäki gowy çaýdan gowy edip guýdum. Soňam, gapdalda gowy gapda gowy süýjüler bar eken, olardan birini gowy edip iýjek bolup durkam çaýymyň içine “gowy” siňek gaçan eken. Ol siňegi gowulyk bilen çykardym,
“gowy sözler” aýtdym. Soň gowy köýnegim, jalbarym bilen gowy penjegimi geýdim-de, gowy köwşüm bilen gowy ýola çykdym. Gabat gelen gowy adamlar bilen gowy edip salamlaşdym. Ýolda-da gowy maşynlar bar eken. Olaryň içinden gowusyny gowy edip elimi galdyryp sakladym. Ol gowy edip durdy, nirä gitmelidigimi gowy edip düşündirdim. Sürüji gowy adam eken, gowy gürrüňler etdik...
Gowy institutymyza baryp, gowy edip okadym... Gowy institutdan gelenimden soň gowy ýadadym. Gowy naharlananymdan soň gowy telefonymdan internede baglanmak isledim. Olam gowy işledi. Ondan soň gowy saýda girdim-de, gowy agzalara şu günki eden gowy işlerim barada gowy edip ýazgy ýazdym.
Gowulykda görşeliň!
Oňarsak, bar zady gowulyga ýoralyň! ))

2015ý.



✏Sapa HOMMADOW
13 лайков 339 просмотров
12комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#B.S
19 фев 2023, 13:53
Ertirkomdamy birýerdä okapdym şuny bir gadymlar
Ajaŷyp
Ajaŷyp
19 фев 2023, 16:10
Gowy edip yazypsyn gowy edip okadym
Kerbaba
19 фев 2023, 17:22
Говы эдип окасан говы эдип алдаянын билдирйар. Догуп гелйан гуне середен болсан..Гун бу гунлер 7.30 товереги догяр ахырын. Почти,,секизин ярында туран болсан, говы эдип унитаздада отурансын! {оны язмансын} Олам говы вагтыны аландыр. Бейлеки говылыклара сарп эден вагтынам ,говы 1 сагадыны аландыр.? Елдада говы ярым сагада йитиренсин? Окувада говы гижа галансын? Говжа эшиклери геенин биленем келлане говы тахяны геймедик болсан,институтда ызына говы ,,ити" салып ковандырлар!?:)
Pegas
Автор 19 фев 2023, 17:32
kwadrat kelle, bu günlerdäki wakadygyny nireden çykardyň, agam? 2015-iň ýazgysy)) Talyplaryň tä-ä institut binasyna barýança kellesine tahýa geýmeýänini ýurt içinde okaýan, okan talyplar oňat biler))
Aýgül Ýazweliýewa
19 фев 2023, 17:46
Meniň görýän talyplarym-a geýýär, köpüsi
Aýgül Ýazweliýewa
19 фев 2023, 17:47
Pegas,
Sapa Hommadow siz bolýaňyzmy?
Pegas
Автор 19 фев 2023, 18:16
Aýgül Ýazweliýewa
Pegas,
Sapa Hommadow siz bolýaňyzmy?

Öň-ä mendim)
Nazar
19 фев 2023, 19:11
Shu gowy edip yazylan Gowy yazgynyñ gowy awtory senmi Sapa aga?
Yusup
19 фев 2023, 19:52
Ertir.com yat boldy
Nurmuhammet
19 фев 2023, 20:18
Gowy siňek gacypdyr???
Aýgül Ýazweliýewa
19 фев 2023, 21:42
Pegas,
Bu wagt familiýaňyz üýtgän däldir-ä? )))
Tanamokdym şondan soradym)
Pegas
Автор 19 фев 2023, 21:49
Aýgül Ýazweliýewa
Pegas,
Bu wagt familiýaňyz üýtgän däldir-ä? )))
Tanamokdym şondan soradym)

Hiç-le. Meň özümem özümi tanamok käte)
Aýgül Ýazweliýewa
19 фев 2023, 22:17
Men özümi indi tanap başladym...
W. P
19 фев 2023, 22:21
Gowy bolmadyk awtoruň gawja ýazgysyny gowy görmän bilmedim :)