Ylham derýasynda

Ylham derýasynda

Köwsarlaýan duýgularmyň gomlary,
Dynman itekleýär kenara sary.
Ylham derýasyndan çykmajak bolup,
Akymyň tersine kürekleýärin.
Pikirlerim tolkun ýaly bulaşyk,
Akyp barýan öz ugruma bulanyp.

Bir ýandan harasat,
Bir ýandan ýagyş,
Ajy damjalardan öl myžžyk ýürek.
Bilmedim ne wagt çykarka Güneş.
Ýeri şeýdip durmak nämäme gerek.
Iş bitirjek bolýan,
At aljak bolýan,
Badymy saklaýar,bat aljak bolýan,
Men ile gerekmi?
Bolsam gerekli.
Şeýdip öz-özümi gynap durşuma,
Kürek sypyp gitdi.
Maňa geregi.

Sypsa sypsyn ýene düzederin men,
we taryha altyn harply ýazyljak,
Söz ederin men.

Gerçeknazar Amannazarow.
4 лайков 130 просмотров
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Studentt
19 фев 2023, 19:12
????
Gerceknazar
Автор 19 фев 2023, 19:15
Studentt,düşünmedim
Öwreniji
19 фев 2023, 20:01
????
#B.S
19 фев 2023, 20:35
Hany durma ýok dowam, möhümi hil däl möhümi tizlik ✈️
Gerceknazar
Автор 19 фев 2023, 20:36
Remezan
????

? Köp-köp sag boluň Remezan aga
Gerceknazar
Автор 19 фев 2023, 20:37
Khanture
Hany durma ýok dowam, möhümi hil däl möhümi tizlik ✈️

Hilini halamadyňyzmy?
#B.S
19 фев 2023, 20:42
Gerceknazar,
Ýo haladym. Gowy bolupdyr!
Gerceknazar
Автор 19 фев 2023, 20:48
Khanture
Gerceknazar,
Ýo haladym. Gowy bolupdyr!

Minnetdar köp sag boluň