??GIJEKI ELHENÇLIK??

Gije sagat 01:00. Oglanlar üýşüp kart oýnaýarlar. Olar Mergen, Çary, Nurmyrat we öý eýesi Merdan. Ahyry Çary dillenýär:
-Oglanlar, boldy edäýeliň, Merdanam dynjyny alsyn, ertir işine gitmelidir.
Hemmeler ony goldady:
-Boldy karty ýygnaşdyralyň diýdiler. Şol wagt Mergen penjireden olara seredip duran, bir zady gördi.
-Eý waý, o zat nämaý.
Oglanlar muňa ünsem bermediler.
-Hä Merik užas gördüňmi?
-Howwa, howwa, serediň diýip ol barmagyny penjirä uzatdy.
Oglanlar seretse ol ýerde hiç zadam ýokdy.
-Ýaňyjada bardy, birden ýitirim boldy.
Oglanlar gülüşdiler. Mergen utandy. Ýöne ýaňky elhenç zady görenligi hakykatdy. Oň daşaryk çykasy gelenokdy. Oglanlar Merdan bilen hoşlaşyp, daşaryk çykdylar. Mergeniň el-aýagy saňňyldaýardy. Olar üç bolup ýöräp barýardylar. Şonda Nurmyrat:
-Oglanlar, bu gün asman bulutly, tüm garaňky gije, men Size bir wakany gürrüň bereýin. Goňşymyz Anna pahyr 10 ýyl mundan öň edil şular ýaly gijede, dosty bilen, myhmançylykdan gelýän eken. Näme bolanyny hiç kimem bilenok, ýöne ertesi olary, jansyz ýagdaýda ýabyň içinden tapypdyrlar. Obaň ýaşulularynyň aýtmagyna görä, her 10 ýyldan bir elhenç ruh obaň adamlarynyň kastyna çykýan eken, bu günem şeýle gün öýdýän, "WÄÄÄÄÄÄÄÄÄ" diýip gygyrdy.
Mergeniň zähresi ýaryldy, öňem saňňyldap gelýän aýaklary oňa diýenini etmedi, oturyp galdy. Muňa Çary bilen Nurmyrat hezil edip güldüler.
-Turow dost, bizä saňa erkekmikä diýip ýörsek, sen-ä gutaran züwwetdin ekeniň diýip gülüp hezil etdiler. Şol wagt Çara Merdandan jaň geldi.
-Alo, gowumy Merdan.
Aňyrdan gorkunç, eýmenç ses geldi:
-Indi Merdan ýok, basym Sizem bolmarsyňyz, men häzir Siziňem ýanyňyza barýaryn. Şeý diýip telefon öçdi. Merdany yzyna jaň etdi. Oň eli öçürlen. Nurmyrat:
-Eýgilikmi Çary, Merdan näme diýýär?
-Ol Merdan däl, ol Merdan däl. Çary aljyrap özüni ýitirip ugrady.
-Näme boldy, kim ol?
-Ol Merdan däl, oň sesi telefondan çykmady, meň gulagymyň içinde ýaňlandy, bu şol elhenç ruh, ol häzir biziň ýanymyza gelýär.
-Aý dost, hiç hili ruh ýok how, ikiňize näme bolýar düşünmedim.
Şol wagt bir nätanyş el Nurmyradyň boýnundan sypalap geçdi. Yzyna seretse hiç kim ýok. Nurmyradyň ýüzi ak tam boldy.
-Oglanlar şol ruh diýýäniňiz eýýäm şu taýda, ol maňa elini degirdi, oň buz ýaly eliniň yzy entegem boýnumdan gidenok.
Oglanlaryň üçisem bir ýere jemlendi. Mergen:
-Indi näderis oglanlar diýip aglamaga durdy. Oň agysyna Çary bilen Nurmyradam goşuldy. Seretseler aňyrdan Merdan gelýär, üst-başy gan. Nurmyrat oň öňünden çykdy, seretse Merdanyň gözleriniň garajygy ýok, gözi tutuşlygyna ak bolup dur. Gelşine gorkunç ses bilen:
-Sizem meň bilen gidersiňiz diýip özüni Nurmyradyň üstüne atdy, Nurmyrat ýykyldy, ýatan ýerinde gygyryp başlady:
-Oglanlar kömek ediň bu Merdan däl, bu şol ýowuz ruh.
Oglanlaň ikisem ylgap gaçyp gitdi. Yzlaryndan Nurmyradyň zaryn sesi ýaňlanyp durdy. Olar şeýle bir ylgaýardylar. Ahyryn Nurmyradyň sesi ýatdy. Şol barşyna Çaram büdüräp ýykyldy. Mergen bolsa şol ylgap barýardy. Çary oň yzyndan gygyrdy:
-Mergen, ol gorkunç zat meni heläk edýär, kömek edäýdä dost. Mergen bu sözleri eşitsede yzyna gaýtmaga ýüregi etmeýärdi, Şol barmana ol bir öýüň howlusyna girdi. Bat bilen gapyny urup başlady.
-Kömek ediň, kömek ediň.
Emma ýüregi hälki elhenç zadyň ýakynlaýandygyny duýýardy. Birdenem içerde yşyk ýandy. Ol begenjine gapyny has batlyrak urdy, göwnüne jaýa girip ýetişmejek ýalydy. Gapy açyldy. Ol begenjine içerik uçup girdi. Seretse garşysynda şol penjirede gören ýowuz mahlugy durdy.

SOŇY
6 лайков 335 просмотров
19комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
20 фев 2023, 18:17
:))))
Belki
20 фев 2023, 18:40
Merdanyñ ýanyndan gidenlerinden soñ ýolda barýarkaýalar Merdandan jañ gelende "Alo, gowumy, Merdan" diýip jañy almagy geñ ))
Massimus
20 фев 2023, 19:13
Tüweleme awtor, gowy ýazypsyňyz, haladym men-ä.
Гость
20 фев 2023, 19:47
"Baýguşyň rysky agzyna geler" diýileni bolupdyrda )
Öwreniji
20 фев 2023, 20:22
Awtory özüñmi??
Aylale
Автор 20 фев 2023, 20:59
yok awtor men dal,yene sun yaly ya-da hekaya okamak isleseniz goyupp bilerin!!!
Massimus
20 фев 2023, 21:06
Hökman goýuň höwes bilen okarys. Esasanam şu awtoryň ýazanlaryny goýsaňyz has gowy, tüweleme zehinli ekeni, bizde-de beýle zehinleriň bardygyna begendim
Aylale
Автор 20 фев 2023, 21:20
bolya hokman goyaryn goldap dursanyz bolany.
#B.S
20 фев 2023, 21:39
Massimus,
Awtory sen dälminä?
Massimus
20 фев 2023, 21:46
Khanture,
Howwa.
Zehinli gerek awtor?
Meň ýazgylarymy yzygiderli okaýandygyňa begenýän dostum.
"Kosmosdaky söýgiň" dowamy nädýä, taýyn bolup barýarmy?
#B.S
20 фев 2023, 21:52
Massimus,
Howwa zehinli. )
Aý bir başlap goýdum. Gündiz okuw gije iş kän el degenok. Ýöne nesip bolsa tamamlaryn. Birem fantastika maňa kyna däl welin komediýa kyn düşjek. Şoň üçin köpräk degişme zat okaşdyrýan...
ŞahyrTm
20 фев 2023, 21:57
Beter gyzykly eken yene garasyaryn;)
Yusup
20 фев 2023, 22:00
Shirhanyn hekayalaryny okardym. Dowam et okaly
Öwreniji
20 фев 2023, 23:07
Massimus
Hökman goýuň höwes bilen okarys. Esasanam şu awtoryň ýazanlaryny goýsaňyz has gowy, tüweleme zehinli ekeni, bizde-de beýle zehinleriň bardygyna begendim

Öwgisinä ýetirdiñ sen şu awtoryñ golaýyna baryp synlabam bilmersiñ diñe aýnada göräýmeseñ
Massimus
20 фев 2023, 23:25
Remezan,
Öwgisinä ýetirdiñ sen şu awtoryñ golaýyna baryp synlabam bilmersiñ diñe aýnada göräýmeseñ
?
Aýgül Ýazweliýewa
21 фев 2023, 03:39
Näme üçindir gorkunç däl eken, edil şu sagatda gorkaýjakdym welin ?
Ayjahan
21 фев 2023, 12:15
Şu saýtda öň okapdym öňem bardy öýtýän şu mowzuk
Aylale
Автор 21 фев 2023, 12:17
Men bu yerden tazeden alyp kopyalap goyamok.
#B.S
21 фев 2023, 15:38
Devil_queen,
Onda nireden kopyalap goydunyz? Muny yazan yokarky Massimusyn ozi
Aylale
Автор 21 фев 2023, 15:46
Khanture
Devil_queen,
Onda nireden kopyalap goydunyz? Muny yazan yokarky Massimusyn ozi

Icq dan kopyalap goydum.
Aylale
Автор 21 фев 2023, 15:54
Khanture
Devil_queen,
Onda nireden kopyalap goydunyz? Muny yazan yokarky Massimusyn ozi

Icq dan kopyalap goydum.
Aylale
Автор 21 фев 2023, 15:54
Khanture
Devil_queen,
Onda nireden kopyalap goydunyz? Muny yazan yokarky Massimusyn ozi

Icq dan kopyalap goydum.
Aylale
Автор 21 фев 2023, 15:54
Khanture
Devil_queen,
Onda nireden kopyalap goydunyz? Muny yazan yokarky Massimusyn ozi

Icq dan kopyalap goydum.
Aylale
Автор 21 фев 2023, 15:54
Khanture
Devil_queen,
Onda nireden kopyalap goydunyz? Muny yazan yokarky Massimusyn ozi

Icq dan kopyalap goydum.
Aylale
Автор 21 фев 2023, 15:54
Khanture
Devil_queen,
Onda nireden kopyalap goydunyz? Muny yazan yokarky Massimusyn ozi

Icq dan kopyalap goydum.
Aylale
Автор 21 фев 2023, 15:54
Khanture
Devil_queen,
Onda nireden kopyalap goydunyz? Muny yazan yokarky Massimusyn ozi

Icq dan kopyalap goydum.
Aylale
Автор 21 фев 2023, 15:54
Khanture
Devil_queen,
Onda nireden kopyalap goydunyz? Muny yazan yokarky Massimusyn ozi

Icq dan kopyalap goydum.
Aylale
Автор 21 фев 2023, 15:54
Khanture
Devil_queen,
Onda nireden kopyalap goydunyz? Muny yazan yokarky Massimusyn ozi

Icq dan kopyalap goydum.
Aylale
Автор 21 фев 2023, 15:54
Khanture
Devil_queen,
Onda nireden kopyalap goydunyz? Muny yazan yokarky Massimusyn ozi

Icq dan kopyalap goydum.
Aylale
Автор 21 фев 2023, 15:54
Khanture
Devil_queen,
Onda nireden kopyalap goydunyz? Muny yazan yokarky Massimusyn ozi

Icq dan kopyalap goydum.