“özi süýşýän tama mündim” diýmän, “lifte” diýgin, daýy! :D
“özi süýşýän tama mündim” diýmän, “lifte” diýgin, daýy!
Ol Moskwada Edebiýat institutyny tamamlanyndan soň otuz ýyla basalykly SSSR Ýazyjylar birleşmesiniň baş edarasynda tanymal ýazyjylar, belli edebiýat alymlary bilen bile işleşmeginiň, gulluk wezipesiniň ýagdaýyna görä, dünýäniň kän-kän ýurduna iş sapary bilen gitmeginiň netijesinde özboluşly hem baý durmuş mekdebini geçen adam. Şonujň üçinem Atajan Tagan medeni durmuşyň köp meselesinde ýaşlaryň maslahatçysy. Şeýle bolansoň, “Diýar” žurnalynda ýylyň dowamynda Azady adyndaky Türkmen Milli dünýä dilleri institutyndan, Türkmenistanyň döwlet Çeperçilik akademiýasyndan, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndan, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinden tejribelik (praktika) gelýän 80 çemesi talyplara gapydan giren badyna Atajan Tagany görkezmegimiz ýönelige däl. Derewem ol degişmeli gürrüňi bilen olaryň öz aýdyşy ýaly, “agyzlaryny açdyrýar”. Ondan öwrenere-bilere zat kän. Ol ýaşynyň bir çaka barandygyna garamazdan, gülüşmegi-degişmegi başarýan, göterýän adam.Ýöne onda döredijilik adamlarynyň köpüsine mahsus däl özboluşly häsiýet bar. Ol ýatdan goşgy aýtmaga, çykyş etmäge ukyply bolsa-da, okyjylar bilen duşuşmagy, has beteri-de, telewizorda görünmegi, hälimi-şindi gazet-žurnallarda suratyny çykartmagy, özüne “ýazyjy” diýilmegini, adynyň aşagyndan hormatly sylaglarynyň görkezilmegini halamaýar. Şonuň üçinem kitaplary ürç edilip okalýan hem bolsa, okyjylar onuň özüni tanamaýarlar diýen ýaly. Üstgesine, onuň daş sypaty-da gödegräk, Biribar galan-gaçan palçykdan ýelmäp ýasan ýaly. Onsoň ilki göreniňde ýük ulagynyň sürüjisi ýa-da Hanhowuzdan gelen traktorçydyr öýdäýmeli.
...Atajan Tagan geçen ýyl bir mesele bilen Medeniýet minisrtligine barmaly bolýar. Ol on sekiz-ýigrimi ýaşly, diýseň näzihek gyzjagaz bilen ýokarky gata liftde galyp ugranda, ony obadan gelen hem ilkinji gezek lifte münüp görýändir öýdüp çaklan gyz:
-Daýy, gorkýaňmy?-diýip soraýar welin, Atajan Tagan agraslyk bilen:
-Gorkmanam duramok-diýýär-Ýer titreýän ýaly, birhili... Biziň obamyzda bular ýaly özi ýokaryk süýşüp barýan tamjagaz ýok. Geçen hepde pensiýam meselesi bilen etrap häkimligine gitdim. Şular ýaly geň zat şol ýede dagy bolaýmaly ýaly welin, üsti-üstüne goýlan 2-3 gatly jaýlar bar-da, muň ýaly özi süýşýän tama gabat gelmedim.
“Obadan gelen” daýynyň beýikligi 540 metr bolan Ostankino diňiniň 328-334 metrliginde ýerleşýän “Ýedinji asman” kafesinden Moskwa şäherini synlandygyny, beýikligi 300 metr bolan Eýfel diňiniň depesinden ajaýyp Pariže ser salandygyny, ol belentliklere-de lift bilen çykandygyny hyýalyna-da getirmän, belki-de beýle belentlikleriň bardygyndan-da bihabar näzijek gyz dokuzynjy gata baryp düşensoňlar:
-Oba baraňyzda, “özi süýşýän tama mündim” diýmän, “lifte” münüp gördüm diýgin, daýy!-diýip, ýaşula maslahat berýär.
-Şo ilkinji gezek eşidýän “lift” diýen sözüň oba barýançam ýadymdan çykmasa ýagşydyr, keýijegim!-diýip, ýazyjy o gyz bilen hoşlaşýar.
Gurbannazar Orazgulyýew

6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.