"Umytsyzlyk" boldy - ykbal baýdagy...

"Umytsyzlyk" boldy - ykbal baýdagy,
"Keçpelegem" söýgümiziň senasy.
Bir ömür gaýtalap şuny aýdaryn:
"Kireňsiz kalbymyň ýokdy günäsi..."

Tükenmez arzuwy bileje besläp,
Däli, sermest bolup, çasly gülsedik.
Azajyk biz bilen bolmagny isläp,
Şatlygmyzy tussag edip bilsedik.

Bir-birege deňje-deňje bölmänem,
Gussalary mäjumlaýyn iýdik biz
Bagtymyzyň göwnin alyp bilmänem,
Özümize "myhmansöýer" diýdik biz

Gülzarlyga iki ädim ätdiň-de,
Yza gaýtdyň, (nämemişin, çöl gördiň!)
Uzatsak, gollarmyz ýetmez öýtdüň-de,
Golaý diýip, aýralyga gol berdiň.

Ýeke-ýalňyz çekerin men yzany,
Asla degmez özgelere azarym.
Hupbatlardan ýelim ýasap mazaly,
Gursakdaky ýyrtyklary ýamaryn...


Ylham GURBANALYÝEW
2022.
3 лайков 52 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.