Haýsyny, saýlardyňyz ?

Bazara barypdyr, bir juwan adam
Bahalary mugt, hemme zatdan bar.
Bagtdan, söýgiden, baýlyk hem ynam
Agzybirlik, Şowlulyk, bakýar hyrydar.

Ilki bagt, gygyrypdyr adama,
Başgalara bakma, sen maña seret,
Lezzetden, mähirden, bezesem daşyñ,
Bulary taşlap, meni, alardyñ gerek,

Baýlyk hem dillendi, men barkam bärde,
Seni näme etsin, now juwan ýürek,
Dünýäniñ, eşretin, görmejek bolsañ,
Arzuwlar, hyýallar aýt, nämä gerek.

Bilip goýuñ, doslar, ýeriñ ýüzünde,
Şowlulyk. -Meni alsa, sizlere derek,
Ynsan, hyýal etsin, belentden belent,
Arzuwyn hasylna, ýetirsem gerek.

Agzybirlik diýdi, goja zeminde,
Mensiz ählijäñiz, manysyz gerek,
A how! müşderler, täze müşderler,
Ýalançy durmuşda, men hökman gerek,

Pikre batyp galdy, now juwan ynsan,
Akyl saýlanny, kabul etmez ýürek.
Haýsam bolsa, birin saýla diýseler,
Synanyşyp bolýar, diñe bir gezek,
Şonuñ üçin, birin saýlamak gerek!
Saýlañ, nobat ýetdi, siziñki gezek!

Mekan Bashimow
(25.02.2023)
7 лайков 153 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Malik
Автор 25 фев 2023, 18:55
Siziñ hemmäňizi, jemleýän mendim,
Adym, Ynam, ilki ynanmak gerek.
Herki zada, dogry ynam bolmasa,
Sähel kynçylyga, döwüler ýürek,
Eden tamañ çykmaz, bolar biderek,
Şonuň üçin, biliň, hemmä men gerek.

Soňy.
Kerbaba
25 фев 2023, 21:58
Бакы гелненок бу дунйа. Байлыгы сайлада оз елун бн болубер. Галанларам ызын бн барарлар
Öwreniji
26 фев 2023, 08:41
Özümde ýok zady? mende işi şowlulyk bn baýlyk ýok, şowlulyk baýlykdan pes gelýär. Baýlygy saýlardym. Bagtym bar assa ýuwaş şoña guwanyp çagalara buýsanyp ýaşaýan. Agzybirlik bar.
Ayjahan
26 фев 2023, 10:10
Bashimow Mekan
Siziñ hemmäňizi, jemleýän mendim,
Adym, Ynam, ilki ynanmak gerek.
Herki zada, dogry ynam bolmasa,
Sähel kynçylyga, döwüler ýürek,
Eden tamañ çykmaz, bolar biderek,
Şonuň üçin, biliň, hemmä men gerek.

Soňy.

Menem şeý diýjekdim