Gijeki sohbet.

Bu hekaýa däl. Ýöne setirler toplumy hem däl. Munuň nämedigini saňa düşündirjek bolamok.
Bu gije — meniň hyýalymda dogan, arzuwlarymda ýörjen-ýörjen bolan gije. Bu gün daş-töwerek şol gijä garaşýan ýaly. Hatda, otagymam şeklini üýtgetdi. Olam meniň arzuwlaryma görä, arzyly myhman geljek ýaly taýýarlandy, dünýäsini täzeledi.
Gijäni her tanşyma görkezesim gelýärdi. Olaryň meniň bilen şatlanmagyny, meni gutlamagyny isläpdim. Gijäň ýakynlygynyň tolgunmasyndan, işlerimiň köpelmeginden nädip gelenini bilmedim.
Ahyrsoňy geldi. Geldi, arzuwlaryma, gije düşegimdäki gözýaşlaryma garyşan hyýallarymyň hakykaty geldi! Hemme zat taýyn. Gijäň howasy we çala titreýän ýüregim.
Hawa, bularyň hemmesi seniň üçin... Şeýle umyt bilen taýynlanan otagymda senem bar. Ýöne sen otagyň bir çetinde arkaňa öwrülip ýatyrsyň. Meniň arzuwlarymdan habarsyz...
Bilýän, seniňem derdiňi içiňe sygdyryp bilmän başyňy ýassyga goýýanyňy. Bu ýazgy hiç ýerde ýaýramaz. Ýaýraýanda-da, oňa senden başga hiç kimem düşünmez. Men bu zatlary alada edemok. Ýöne eger senem düşünmeseň, onda menden bagtsyz adam ýok. Näme edeýin?
Bu kiçijek göwnüm bilen seni tanyşdyrjak boldum. Onuň içiniň seniň dertleriňe meňzeşligi bilen, seniň azabyňa gaty meňzeş duýgulary bilen tanyşdyrasym geldi göwnümi. Ýassygyma siňen damjalarymda seniň derdiň bardygyny düşündiresim gelýärdi.
Men kän garaşdym. Men öňem şeýle garaşypdym. Şol wagt gözlerim seniň gözleriňe meňzeýärdi. Özümi duýup başlanymdan bäri garaşan deňzimden bir damjany görüp aklymy ýitiripdim. Ol damjada deňzi, onuň gam-gussasyny, şatlygyny görýärdim. Günlerimiň ýagtylygy gözümi gamaşdyrýardy. Soň has beter boldy. Soň men agaçlara ýaprak bolasym, ýaprak bolubam titräsim, meýdanda gök otlar bolasym, gök otlar bolubam meýdanda ygşyldasym gelýärdi. Dünýäde agaç bolasym, köklerim bilen ýeriň bagryna siňesim, şahalarym bilen bütin dünýä kölege bolasym, güllerimi jennetde açasym gelýärdi. Dodaklarymyň gujaklaşyşy ýaly, olaryň özündäki hasraty, içindäki bar hyjuwy bilen entegem endamym tikenekleýär.
Gijä galdym. Seniň ol deňziň kiçijik damjasydygyňa, deňiz däldigiňe giç düşündim. Bir damja — saňa sygman başlanymda düşündim. Ahmyrymy içimde jaýladym. Hiç kime aýtmadym. Täzeden deňzi hyýal edip başladym. Ýöne sen maňa deňziň häsiýetini, arzuwyny, halyny, tagamyny getiripdiň. Deňzimiň menden nämä garaşýandygyna, özümiň nämäni gözleýändigime düşünipdim. Seniň gury hyýal däldigiňe, maňa garaşýandygyňa göz ýetiripdim.
Sen. Sen kim? Otagymyň bir çetinde birwagt ýüregimdäki arzuwlary duýup ýatan. Deňzi gözläp damja aşyk bolan. Sen aslynda — men. Men sende özümiňem şol deňizden bir damjadygymy gördüm, şol sebäplem deňzi küýseýändigime düşündim. Häzir men hiç zady düşündirjek bolamok. Damjanyň deňizdigini, deňziň damjadygyny düşündirjek bolamok. Şu gara penjek geýen ak gijämiň, tutuş älemiň, älemiň mazmuny adamzadyň edil meniň ýaly deňze aşyk bir damjadygyny, şol bir wagtda-da deňizdigini düşündiresim gelenok saňa. Men seniň dertleriňi içime siňdirip, birleşesim, seniň bilen deňze ikimiziňem köp gözlän deňzimize gidesim gelýärdi...
Men beýle ýagdaýy hiç wagt arzuw etmändim. Hatda, men seniň kimdigiňi, nähilidigiňem bilmeýärdim. Ýöne şu wagta çenli ýaşan ömrümi saňa garaşyp geçiren ýaly. Sen meniň üstüme tüweleý ýaly, sil ýaly geldiň. Men bolsa nämeleriň bolýanyna düşünip bilemokdym. Ilkiler eline süýji berlen çagajyk ýaly begenerdim. Şatlygymy hemmelere paýlasym gelerdi. Seniň syryňy, gadryňy bilmedim. Senem gitdiň. Men seniň geleniňem, gideniňem duýmadym. Diňe içimde bir ýalňyzlyk, ýalňyzlygam däl, boşluk duýdum. Bu boşlugy doldurmak üçin her zat etdim.
Gözledim her ýerden, her zatdan — Günüň dogşunda, batyşynda, gijäniň tümlüginde, adamlarda... Başaryp bilşimçe ruhumyň çuňluklarynda okeana çümýän ýaly çümdüm. Hyýalymyň bar güýji bilenem asmana uçdum. Emma bularyň hijisi mendäki boşlugy doldurmaýardy. Gaýta suwsuz adamyň öz teşneligini deňiz suwy bilen gandyrjak bolşuna meňzeýärdi.
Meniň halym... Älem maňa özümi ýatladýardy. Olam meniň içimdäki arzuw hem aýralyk bilen aýlanýan ýalydy. Üns eden bolsaň, älemde uly-kiçi hemme zat meňzeşdir. Ýyldyzlaryň iň ulularynyň Günüň daşynda aýlanyşy ýaly, iň kiçijik atomjagazlaram akyp, aýlanyp ýör. Älem — bu bir ýyldyz bolsa, menem — kiçijik bir atomjyk. Ýöne ikimiziňem gurluşymyz bir, ikimizem şol bir zadyň daşynda perwana. Soňabaka umytdan düşüp ugradym. Men indi hiç wagt seni duýup bilmerin diýip başladym. Indi hiç wagtam men ýazda güllerde, güýz saralan ýapraklaryň şahasyndan tänip gidişinde seni görmerin diýip pikir edýärdim. Ömür meniň üçin manysyny ýitiripdi. Indi wagtymy oňa-muňa güýmenip geçirmäge çalyşýardym. Maksadym seni, içimdäki boşlugy unutmakdy.
Men gijelerine asmana, ýyldyzlara seretmejek bolýardym. Öňkülerim ýaly diňe daňyň atyşyny görmek üçin uzyn gije oturmaýardym. Tersine, men olary näçe duşumdan geçirip bilsem, şonça-da şatdym. Dünýäde näçe manysyz, diňe bir gezek ulanylyp-zyňylýan zat bolsa, şolar bilen meşgullanýardym.
Ýöne bularyň hemmesi at oýnatmak. Men edil bir günä iş edýän ýaly, dünýäni gizlin-gizlin synlaýardym. Gülleri, daňdan ýagyşdan soňky güýz howasyny doýa-doýa içime çekýärdim. Meni senden aýyran günälerimiň üstüne okeanlary iberesim, özümem bir atsyz dagyň çür başynda ýeke oturan kiçijik arça bolup, ellerimi, şahalarymy saňa uzadasym, dileg edesim gelýärdi. Men sensiz ýaşap bilmeýärdim. Sebäbi sen hemme zadyň özenidiň, manysydyň.
Ahyrsoňy... Tomusyň ortaky aýydy. Gündiz öýden çykar ýaly däl, agşamlaram köplenç dymyk. Ýöne kä agşamlar ýeňiljek şemally howa bolýar, hiç ýatasyň gelmez. Ine, şolar ýaly bir gije men seniň gelýäniňi duýup başladym. Içim-içime sygmaýardy. Hakykatdanam, birhili, ilki günlerimiziň arassalygy gaýdyp gelen ýalydy. Men ýene-de dünýäni öz gözlerim bilen görüp başlapdym.
Ýöne... Men ýene-de aldandym. Has dogrusy, çalaja büdredim we sensizligi ýene bir gezek başdan geçirdim. Aramyzdaky syr barada, hatda, seniň ýanyňda-da dil ýarmaryn. Senem aýtma. Gel, gijeler gapymy açman gel, menem seniň ýanyňa baraýyn. Menem bilmäýin geleniňi. Hatda, biziň sessizligimize ümsümlik dişini gyjasyn. Men saňa aýtjaklarymy aňryk, içime, seniň adyň ýazylan ýere äkideýin..
Adamlar agşamlaryna oturyp, bir zatlaryň hasabyny ýöredýärler: “Şeýle etseň, şeýle bolar, şu şunça, bu pylança. Şeýdäýsek nähili bolar?” Şu bolan zatlaryň gürrüňi. Gündiziň hasaby. Ikimizde welin tersine. Gündiz-ä garaşmak, gije-de sessiz-sessiz gürleşmek...
Gel, bu gije-de sessiz pyşyrdaşaly, YLHAMYM!..
2 лайков 247 просмотров
12комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#B.S
25 фев 2023, 23:26
Ýyldyzlaryň iň ulularynyň Günüň daşynda aýlanyşy ýaly, iň kiçijik atomjagazlaram akyp, aýlanyp ýör. Älem — bu bir ýyldyz bolsa, menem — kiçijik bir atomjyk...
??? Hä kerpiç bln maňlaýna berseňdä şuny ýazanyň
Ayralyk
Автор 25 фев 2023, 23:27
Khanture,
Name ucin?
#B.S
25 фев 2023, 23:31
Ayralyk,
Astronomiýadan bäşlige gutarypdyr ?
Ayralyk
Автор 25 фев 2023, 23:34
Khanture,
? bolup biler. Yone men okamda mende uly tasir galdyrypdy
#B.S
25 фев 2023, 23:38
Ayralyk,
Uly ýyldyzlar güniň daşyndan aýlanýamyka??? Güniň özi ýyldyz dälmidi?
Ayralyk
Автор 25 фев 2023, 23:43
Khanture,
Gün ulgamyndaky 8 planeta Günüň daşyndan aýlanýar.
Bular; Merkuri, Wenera, Ýer, Mars, Ýupiter, Saturn, Uran, Neptun.
Ýöne olar ýyldyz dalde planeta.Bu mowzugyn maksady aslynda hyýaly taýdan oz duygularyny aýtmana bagşlanan diyip pikir etýärin.
#B.S
25 фев 2023, 23:45
Ayralyk,
Pluton bilen Planet x nä güniň daşyndan aýlananokmyşmy?
Ayralyk
Автор 25 фев 2023, 23:47
Khanture,
Bilemokdym men ony aýdanynyz uçin sagbolun! Men oz pikiriçe bu dine oz duygularyny wasp edisinin bir gornusi ylmy taydan ustunde kop oylanylmadyk ýazgy
#B.S
25 фев 2023, 23:50
Ayralyk,
Hmm dogry
Pegas
26 фев 2023, 15:34
Awtoryny hem ýazmaly...
Ayralyk
Автор 26 фев 2023, 16:26
Pegas,
Awtory yadyma dushenok bagyshlan
Pegas
26 фев 2023, 16:57
Ayralyk
Pegas,
Awtory yadyma dushenok bagyshlan

Sapa Hommadow.
#B.S
26 фев 2023, 20:58
Pegas,
Awtory sizmi? Bagyşlaň, sözümi gaýdyp aldym )
Pegas
27 фев 2023, 05:17
Khanture
Pegas,
Awtory sizmi? Bagyşlaň, sözümi gaýdyp aldym )

?