Näzli dildarym

Näzli dildarym

(Merdan aganyň haýyşy boýunça ýazan goşgym )

Nüçün atdyñ meni hijran oduna.
Şunça çeken jebrim azmy dildarym?
Sözleriñ ok boldy çümdi kalbyma.
Ýandyrdy näzleriñ näzli dildarym.

Şol bagtly günleri salsam ýadyma,
Näzirgäpjik gelerdiñ sen ýanyma.
Dözebilmen gözden akan ýaşyña.
Derdime dermanym , näzli dildarym.

Gözleriñ ýyldyz deý, ýüzleriñ kamar.
Her gûnde görsemde göresim geler
Söýgümi sözlesem näz edip güler.
Näzirgäp näz etme näzli dildarym.

Gurbanyň men ,atma yşgyn odyna,
Lukmanym sen, derman eýle derdime,
Her günde , her demde düşýäň ýadyma.
Göreýin didaryñ,näzli dildarym.

Ýüzleriň Aý bolsa saçlaryñ bulut.
Gizleýär şol Aýy bulutlar gelip.
Gözleriñ ummandyr oña gark bolup,
Galýaryn halas et näzli dildarym.

Sen gül bolup geldiñ seýil bagyma.
Bilbil bolup saldym seni sazyma,
Älem haýran galsyn hoş owazyma.
Durkuñ bilen aýdym sazly dildarym.

Süýji sözleriñe elenip kalbym.
Goñur gözleriñe baglanyp galdym.
Ine seni söýüp şahyram boldum.
Göreýin didaryñ näzli dildarym.

Gerçeknazar Amannazarow.

(27.02.2023)
1 лайков 160 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Yusup
27 фев 2023, 20:40
Ine seni söýüp şahyram boldum.
Göreýin didaryñ näzli dildarym.

Sen soydunmi Dildary ya Merdanmy? Eger Merdan soyen bolsa goshguny duzen sen ol nadip shahyr bolya? Edebiyatdan bashym chykanok yone kellam shu yerinde bulashya
Gerceknazar
Автор 27 фев 2023, 21:05
Seksopotolog..........
Ine seni söýüp şahyram boldum.
Göreýin didaryñ näzli dildarym.

Sen soydunmi Dildary ya Merdanmy? Eger Merdan soyen bolsa goshguny duzen sen ol nadip shahyr bolya? Edebiyatdan bashym chykanok yone kellam shu yerinde bulashya

Edebiýatdan başyň çykmany üçin kelläň bulaşýandyr. Merdan aga aýdym üçin goşgy ýazyp berdim . Aslynda Dildary hijimizem söýemizok.