Sahyhy Buharydan üç hadys
1. «Amallara niýetlere görä baha berler...»
hadysy
Omar ibn Hattap (razyallahu anh) şeýle diýipdir:«Resulyllanyň «Allanyň Resulynyň (sallallahu aleýhy
we sellem): «Amallara niýetlere görä baha berler. Kim nämäni niýet etse, şoňa hem gowuşjakdyr. Iň
soňunda baýlyga ýa-da nikalap aljak bolýan
zenanyna gowuşmak üçin hijret edýän (göç edýän)
adamyň hijreti şol hijrete sebäp bolan zada gowuşmagy bilen tamam bolar» diýendigini eşitdim».
2. Wahynyň inişiniň
aýratynlyklary
Hezreti Äşe (r.a.) şeýle diýipdir: «Harys ibn Hyşam
Allanyň Resulyndan (s.a.w.): «Ýa Allanyň Resuly, saňa wahy nädip gelýär?» diýip sorady. Allanyň
Resuly (s.a.w.) aýtdy: «Käte maňa buýrugyň sözleri
jaňjagazyň sesi ýaly bolup eşidilýär. Kabul etmegim
iň agyr düşýän buýrugam şudur. Onuň galdyrýan
täsiri meni örän kynlyk bilen terk edýär. Perişdäniň
maňa aýdanlaryny gowy edip ýat tutýaryn. Käte
Perişde maňa bir adamyň sypatynda görünýär. Ol
meniň bilen söhbet edýär. Menem onuň
aýdanlaryny ýat bekleýärin». Hezreti Äşe (r.a.) sözüni dowam edip: «Allanyň Resulyny (s.a.w.) şatlama sowukly bir gün özüne wahy gelen pursaty
synlapdym. Şeýle sowuk gündügine garamazdan, şol
pursat onuň çekgelerinden şapyr-şapyr der akýardy»
diýipdir.
3. Wahynyň ilkibaşda inişi.
Wahy gelmeginiň
arasynyň kesilmegi (Fetreti-Wahy)
Musulmanlaryň enesi Äşe (r.a.) şeýle diýipdir:«Allanyň Resulyna (s.a.w.) wahy ilkibaşda oraşan düýş
görmegi arkaly gelip başlady. Onuň gören düýşleriniň
hemmesi säher aýdyňlygy kibi aýdyň we äşgär
ýagdaýda amala aşardy. Soňra onuň kalbyny
ýalňyzlyga bolan höwes gaplap aldy. Şondan soň Hyra
dagyndaky gowagyň içinde gizlenip, birnäçe günläp
ybadata (teabbud diýmekdir) meşgul bolup, ýakynlarynyň arasyna dolanardy-da, ýene azyk alyp
giderdi. Soňra ýene Hatyjanyň ýanyna dolanyp, şonça
gün üçin ýene azyk taýýarlardy. Şeýlelik bilen bir gün
Allanyň Resuly (s.a.w.) Hyra dagyndaky gowakda
mahaly Hakyň emri (ýagny wahy) geldi. Onuň ýanyna
Perişde gelip: «Oka!» diýdi. Olam: «Men okap
bilemok» diýip jogap berdi. Pygamber aýtdy: «Şol
wagt Perişde meni tutup, ysgynym gaçýança gysdy. Soňra meni goýberip, ýene: «Oka!» diýdi. Menem
oňa: «Okap bilemok» diýdim. Ol ýene meni tutup, ysgynym gaçýança gysyşdyrdy. Soňra meni
goýberip, ýene: «Oka!» diýdi. Menem: «Okap
bilemok» diýdim. Şeýlelik bilen, meni ýene tutup, üçünji gezek gysyşdyrdy. Soňra meni goýberip:
«Mahluklary ýaradan Beýik Rebbiň mukaddes ady
bilen oka. Beýik Taňry ynsan kowumyny lagtalanan
gandan ýaratdy. Ýene bir gezek oka! Seniň Rebbiň
galam bilen hat ýazmagy tälim beren, adama
bilmeýän zadyny öwreden sahylaryň sahysy Alla
Züljelaldyr» diýdi» («Alak» süresiniň 1-4-nji
aýatlary). Mundan soňra Allanyň Resuly (s.a.w.) bu
aýaty-kerimeleri eşidip, gorkudan ýaňa ýüregi gürs-gürs edip, yzyna dolandy we Hatyja binti Huweýlidiň
ýanyna girip: «Meni dolap basyryň, meni dolap basyryň» diýdi. Gorkudan saplanýança, onuň mübärek
göwresini örtüp goýdular. Ondan soňra ol bu bolan işi
Hatyja gürrüň berip: «Özümden gorkdum» diýdi. Hatyja (r.a.): «Beýle diýme, Alladan ant içýärin: Allahu Züljelal hiç wagt seni gamda goýmaz. Çünki
sen ýakynlaryňa göz-gulak bolýarsyň, başyny
çaramaýanlaryň ýüküni ýeňledýärsiň, pakyra zat berip, bir kişiniň gazandyrmajagyny gazandyrýarsyň, myhmana hormat goýýarsyň, Hakyň hatyrasy üçin
edilýän möhüm işlerde halka ýardam berýärsiň» diýdi.
Ondan soňra Hatyja Hezreti Resuly-Ekremi ýanyna
alyp, doganoglan agasy (kakasynyň doganynyň ogly) Baraka ibn Nowfyl ibn Eset ibn Abdyl Uzzanyňka
geldi. Bu adam jahylyýet zamanynda hristian dinine
giripdi, gadymy ýewreý dilinde-iwritde ýazyp bilýärdi, Injilden diniň taryhyna degişli käbir zatlary ýazyp
alardy. Bularyň baran döwründe Baraka gözleri kör
bolan bir çalamydar gojady. Hatyja (r.a.) oňa: «Kakamyň doganynyň ogly, doganoglanyň näme diýýänini
diňle» diýdi. Baraka: «Doganoglanym, näme boldy?»diýip sorandan soň, Allanyň Resuly (s.a.w.) gören
zatlaryny oňa habar berdi. Ondan soň Baraka: «Ol göreniň Allatagalanyň Musa sallallahu alaýhy we
sellemiň ýanyna iberen ýokary Wyjdanydyr (Jebraýyl
alaýhyssalamyň lakamy). Ah, käşgä seniň imana
çagyrjak günleriňde ýaş bolsadym. Kowumyň seni
kowup çykaranda, käşgä diri bolsadym» diýdi. Muny
eşidip, Allanyň Resuly (s.a.w.): «Olar meni sürgün
etjeklermi?» diýip sorady. Ol hem: «Hawa, onuňam
sebäbi, seniňki ýaly zat getirip (ýagny wahy habar
berip), duşmançylyga uçramadyk bir adamam ýokdur. Eger seniň imana çagyrjak günleriňe baryp ýetsem, elimden geldiginden ýardam bererin» diýip jogap
berdi. Şondan soň köp wagt geçmänkä Baraka ýogaldy we
Fetreti-wahy ýüze çykdy, ýagny birnäçe wagtlap wahy
gelmeginiň arasy kesildi».
Sahyhy Buhary

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.