EJEME HAT
Salam, eje.
Belkem, bu haty entekler ýazmaly däldim. Sebäbi gara bulutlaram tüýdülip bilýär käte... Men ýene-de duýgularyma aldandym öýdýän. Duýgularym, ýüregime dolan hasratym, belkem, maňa bu zatlary ýazdyryp oturandyr. Her näme bolsa-da, men maňlaýyma ýazylan ýazgyda kaýyl bolmalydygymy unutmajak boldum. Öz-özüme gaýta-gaýta şony ýatladyp durdum. Has dogrusy, özümi şu sözler bilen terbiýeledim diýsemem bolar. Şonda-da saňa hat ýazasym geldi. Men özüme: “Sen takdyryňa ten berýän bolsaň, ýazgyda ynanýan bolsaň, näme etjek beýle haty ýazyp?!” diýip kän aýtdym. “Ýüregim aram tapar, derdim ýeňlär. Ejemiň ýanynda-ha bu sözleri aýdyp bilmerin, oňa hat üsti bilen aýtsam aýdarynam” diýdim. Maňa dünýede senden gowy düşünjek ýokdur. Şonuň üçinem saňa hat ýazyp otyryn.
Eje, saňa garşy-garşy “Meni bagyşla” diýesim gelip dur. Näme üçin diýip sorama ýöne! Bilýän, seniň eýýäm şu sözleri okanyňdan ýüregiň dilim-dilim bolup gyýylyp başlandyr. Ýalbarýan, “Menden näme üçin ötünç soramaly sen?” diýmäý-dä maňa! Ogluň seniň bilen derdinişesi gelýär, eje! Belkem, ol senden hakykatdanam ötünç soramalydyr...
Eje, men etmesiz zadam edemok, çagalygymdaky ýaly goňşularyň aýnasynam döwemok. Ýa bolmasa, da:şlaşyp hiç kimiň kellesinem ýaramok. Emma bu gezek aýnasy döwülýänem, kellesi ýarylýanam meniň özüm. “Dünýe” atly gahba pelek awundyrýar meni. Daşymdaky gije-gündiz meniň buky ýerden çykarymy peýläp ýatan “Gara pikir” bolsa, meni aýagaldygyna oka tutýar. Onuň asyl oky gutaranok. Ol maňa: “Isleýäniň bolanok. Dilegiň kabul bolanok. Arzuwyňa ýeteňok. Onda näme üçin dileýäň, näme üçin ynanýaň?!” diýip azarýamanyny berýär. Menem birde aldanmasam, birde onuň gepine gidýän. Şükür, gijem bolsa, onuň gepine gidenimi bilýän, eje. Soňam Ynamymy gözläp başlaýan. Alakjap, her ýana urunyp, ýitiren Ynamymy gözleýän. Heý-de, Ynamsyz bolarmy? Ynamsyz men näderin?! Ynamsyz kim näder?!
Eje jan! Sen maňa dileg et! “Enäniň bir dogasy ýedi mollanyň ýaman dogasyny kesermiş” diýýärler. Belki!.. Seniň dilegleriň kalbyma aralaşýan was-wasylaryň öňüne böwet bolar. Sabrym ýeter. “Ogluma sabyr ber!” diýibem dileg edeweri, eje...
Sag bol!..
2012ý.
✏Sapa HOMMADOW

12комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.