Uly sorag...
Şyrrygyn çykaryp gözel ömrüňi,
Oturyp diýmelsi - "käşgemi", näme?!"
Wah, sada bol weli...
Ýöne göwnüňi,
Oýnadyp ýörmäge - "şaşkamy", näme?!
Bizi oýnaýan: adam ýa sözlermi?
Ýa göwnümiz barypýatan çagajyk.
Ynam diýýäniň şol şeýtan gözlermi?
Çig süýt emen, oýanaý-a azajyk!
Beýni bilen söhbet etmän hemaýyn,
Elipden şermendä aldyryp ýörme!
Pyşyrdasa gulagyňda şelaýyn,
Pagta bilen damak çaldyryp ýörme!
Kä sözler gylçyk deý galýar damakda,
Kä sözler düýbünden degýär mädäňe.
Şeýdip göwni geçirberseň ýamakdan,
Ýamak göwün öwrüläýýär kadaňa.
Barha-barha azalyp dur "saglaram",
Öz ugruna iterip ýör "çep bela".
Neçüýn meni süýreýär bu gamlaram,
Neçüýn beýle bolup ýörün mübtela.
Horazsyzam atyp durka daňlaram,
Çuňňur oýa çümdirýärem öňkiler.
Serde doly germesatan taňlaram,
Ýa-da şeýle ejiz gelýä meňkiler.
Ylham GURBANALYÝEW
2022.
Oturyp diýmelsi - "käşgemi", näme?!"
Wah, sada bol weli...
Ýöne göwnüňi,
Oýnadyp ýörmäge - "şaşkamy", näme?!
Bizi oýnaýan: adam ýa sözlermi?
Ýa göwnümiz barypýatan çagajyk.
Ynam diýýäniň şol şeýtan gözlermi?
Çig süýt emen, oýanaý-a azajyk!
Beýni bilen söhbet etmän hemaýyn,
Elipden şermendä aldyryp ýörme!
Pyşyrdasa gulagyňda şelaýyn,
Pagta bilen damak çaldyryp ýörme!
Kä sözler gylçyk deý galýar damakda,
Kä sözler düýbünden degýär mädäňe.
Şeýdip göwni geçirberseň ýamakdan,
Ýamak göwün öwrüläýýär kadaňa.
Barha-barha azalyp dur "saglaram",
Öz ugruna iterip ýör "çep bela".
Neçüýn meni süýreýär bu gamlaram,
Neçüýn beýle bolup ýörün mübtela.
Horazsyzam atyp durka daňlaram,
Çuňňur oýa çümdirýärem öňkiler.
Serde doly germesatan taňlaram,
Ýa-da şeýle ejiz gelýä meňkiler.
Ylham GURBANALYÝEW
2022.
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.