Ejeme hat

Ejeme hat
(Gysgaltdym)
Eje, seni şeýle göresim geldi,
Görüp zenanlaryň "eje" bolşuny.
Aglamaýanlaram agladýan eken,
Görseň zenanlaryň çaga dogşuny.

On ýyl geçenden soň ýetip arzuwna,
Hamyla bolupdyr Suraý gelneje.
Ýöne dogulmanka ölüp çagasy,
Bolup bilmän galdy ol gelin "eje"...

...Bu gelinleň derdi özüne ýetik,
Gürrüň berse, bihal gözüň ýaşlanar.
Durmuşy görmedik "men çaga" üçin,
Şeýle synag döwri bir gün başlanar.

"Ene mährindäki" zenanlaň haly,
Göýä lezzetli hem ýaramaz ýaly.
Käbäm saňa ýene bir zat aýdaýyn,
Eje, seni şeýle göresim geldi!
28.02.2023ý
Aýgül Ýazweliýewa
13 лайков 189 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Öwreniji
05 мар 2023, 10:42
?????
Yusupahmet93
05 мар 2023, 18:55
,, Eje, seni sheyle goresim geldi". Tuys halky aheñde bolopdyr ylayta shu setir
Abdylla36
05 мар 2023, 19:18
Hawa ,halky äheň duýulýar
Aýgül Ýazweliýewa
Автор 05 мар 2023, 20:12
Abdylla36,
Yusupahmet93,
Halky äheň näme bolýar? )...
Yusupahmet93
05 мар 2023, 20:29
Halky äheñ-halka yarayan aheñ.