8-nji martyňa sowgat

8-nji martyňa sowgat.

(Hakyky öz durmuşymdan degişme)

8-nji martyňa,
Näme sowgat etsemkäm?
"Gawun-garpyz al" diýdi,
Nirden gözläp tapsamkam?

Ine barýan bazara,
Ýanymda-da pulum ýok.
Aýdyň indi nädeýin?
"Ýok" diýmäne dilim ýok.

Aýlandym kän aýlandym.
Tapmadym hiç tapmadym.
Bazarda başagaýlap,
Iki ýana gatnadym.

"Tapmasaň gelme" diýdi.
Indi nädip gaýdaýyn?
Garpyz nirde satylýar?
Gaýrat ediň aýdaýyň.

Gerçeknazar Amannazarow.
3 лайков 153 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Soho
07 мар 2023, 16:50
gulup-gulup presim agyryp gitdi...
OPTIMIST94
07 мар 2023, 17:59
Gerceknazar sen dine sahyrlykdan dal wap masterlikdenem basyn cykyar eken birnace oz doreden saytlaryn bar eken name ucin ilary yoredenok
Gerceknazar
Автор 07 мар 2023, 18:56
OPTIMIST94
Gerceknazar sen dine sahyrlykdan dal wap masterlikdenem basyn cykyar eken birnace oz doreden saytlaryn bar eken name ucin ilary yoredenok

Gowy telefonym ýok şonuň üçin ýöredip bilemok.
OPTIMIST94
07 мар 2023, 22:19
Hak aytyan menem kone tel ulanyan 2014 yyly donup yaty
Jumamyrat
08 мар 2023, 13:28
Daş edipsiňä agamjan