Durmuşa garaýyş.
Gadym zamanlarda diwaryna müňlerçe aýna asylgy otagy bolan bir buthana bar eken. Günlerde bir gün saý-sebäp bilen şol buthana bir it giripdir-de, onuň içinde azaşyp, ýaňky otaga barypdyr.
Janawer müňlerçe ite birden gözi düşensoň, özüni duşmana gapyl basdyran ýaly duýup, üýrmäge başlapdyr. Itiň üýrüşi hem-de dişlerini görkezip hyňranyşy onuň özüne müňlerçe hyňranma bolup gaýdyp gelipdir. Onsoň, it hasam beter jabjynyp ugrapdyr. Şeýlelikde, ol bogazyna bat bere-bere barha ysgyndan gaçyp, şol ýerdejik tükgerip galypdyr.
Biraz wagtdan soň ýene bir it ýaňky buthanada azaşyp, şol bir otaga giripdir. Ol hem birbada müňlerçe itiň arasyna düşendirin öýdüp gorkupdyr. Ýöne ol dişini gyjaman, gaýtam şadyýanlyk bilen guýrugyny bulapdyr. Şonuň üçin hem daşynda şadyýanlyk bilen bulanýan müňlerçe guýruk görüpdir. Şeýlelikde oňa şadyýanlyk bilen ybadathanadan çykmak başardypdyr.
"Hakyky bagt – nähili durmuşda ýaşaýanlygyň bilen däl-de, durmuşa nähili garaýanlygyň bilen ölçelýär"

4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.