“Likan” agajyñ aşagynda öz içini gepledýär


Agajyñ aşagynda “Likan” öz içini gepletýär:
Elmydama aralyk altyn ýoldan gürrüñ edýärler
Hamana, bar bolan ýeke täk ýol ýaly,
Dag bilen düzüñ aralygynda.

Emma ýaşaýyşda köplükdir, dürli-dürlilik bar ahyry,
Müñlerçe aralyk altyn ýollary bilen
Müñlerçe bähbitli, güneşli hem parlak ýollar.

Köp we aýry-aýry düşünje,
Ýaşaýşyñ yzygiderli tejribelerinden görelde almak,
Ýaşaýyşda iñ dogry bolup biljek düşünjedir.
Bu düşünje, seniñ uzak ýollaryñy
Güneşde we aýdynlykda,
Hatda garañky gijede,
Gözýetimiñ dar çygrynda,
Ýoluña yşyk salýan çyradyr.

Bu dünýä bir gür tokaýdyr!
Gür agaçlañ içinden ýol açmaly ynsan.

Öñe gitmek üçin,
Töweregi barlamak gerek.

Çünki bir ýolda azaşyp bilersiñ.
Azaşanyñy bilmek gerek,
Täze bir ýol tapmak üçin.

Tokaýyñ gündizine güneş düşýär,
Gijesine aý we ýyldyzlar.

Arassa wyjdan bilen seret
Güneşe, aýa we ýyldyzlara!
Iki ýüzliligi içiñden yog et
Ýoluñy aşyp bilmek üçin!

Köplük hem dürli-dürlilik,
Ynsan añynyñ mähäk daşydyr.

Parlak güneşi ýadyña sal,
Içiñdäki dogruçyl düşünjäñi şonuñ bilen beze!
Dogruçyl wyjdanyñ sergezzanlygy,
Hemişe gysgadyr.
13 лайков 114 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.