Duralgalar...

Aladaňdan
ak atyny
gamçylap,
Alaňlardan
Aşyp barýar alaryp.
Aladaňdan — ne bir
gije,
ne gündiz,
Iki reňkiň arasynda aralyk.

Aralykda haýdap barýar otlymyz,
Göwün gerip bu arassa sähere.
Argyn,
agyr salam berip girýär ol,
Kiçi duralga
hem
uly şähere.

Her halda ýaşamak gyzykly örän
Näçe ýaşa,
Ýaşamadan ganma ýok.
Geçen günler
galýar duralgalarda,
Indem oňa asyl-asyl dönme ýok.

Ine,
ýene öňümizde duralga,
Bilýän,
Ol şahyra sorag berer kän.
Bu duralga men nähili ýüz bilen,
Men nähili
täze sözli bararkam?

Bahar gülleriniň näzikliginden,
Posa berip otla müňlerçe ýola,
Oňat arzuw bilen gözel gyzlarmyz,
Bizi alkyşlaýar bagtly ýola.

Gojadyr çagalar golun galgadýar,
Olar
salamyna mährini goşýar.
A meniň ýadyma ýene şäherler,
Uly söz aşygy duralga düşýär.

Durmuş!
Bu gykylyk,
uly gürrüň däl,
Agramyň elmydam
egnimde galsyn.
Ýaşaýyşda
bir dilegim, niýetim:
Köpräk duralgam,
kenarym bolsun!

Eger galgap dursa
mähirli gollar,
Gojalar ýüzlense: «Inerim, arma!»
Ynamym:
bararyn täze söz bilen,
Ähli duralga hem kenarlaryma!

Duralgalam!
Kenarlarym!
Garaşyň!
«Gijä galýaň,
gijä...»
diýip ökünmäň!
Aladaňdan sürüp barýar
al atyn,
Basym gündiz,
Basym — bararyn hökman!

1969ý.

✏ Gurbannazar Ezizow
1 лайков 89 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
picasso
Автор 15 апр 2023, 16:23
Pahyr bilen bir gurlesip otursanda nahili adamdyka