Ýagyşly gün

ÝAGYŞLY GÜN

Ýagyşly gün çykyp taryh dersinden

Garşy aldy ýene tanyş duralga.

Gözüm düşdi şonda suw perisi deý,

Bir çetdejik ýagşa ezlip duranňa.



Synlap dursuň, yşka düşen asmanyň

Öz-özüne sygman aglaýanyny.

Men bolsa ýanyňa biraz süýşdüm-de,

Tutdum dik depäme saýawanymy.



Tisgindiň. Men has-da özüm ýitirdim:

“Aý, ýöne-le… Ezilipsiň… Bagyşla!… ”

Soň ne sen söz açdyň, ne men gep urdum,

Durus aýdymyny diňläp ýagyşlaň.



Soňra bolsa ýitip gitdiň gözümden,

Birden gaýyp boluşy deý hüýrleriň.

Sen bilýänem dälsiň, şojagaz pursat

Bu gursaga aýdym bolup gireniň…



Bilýärmiň, sadaja jemalyň bilen

Dünýämde üýtgeşik dünýä açanňy.

…Şodur – şodur, seni agtaryp ýörün,

Gowuşarsyň diýip onuň açarny.



…Ynha, ýene ýagyş, ýene duralga,

Golumda-da şo-ol arzyly saýawan.

Ýeri, duşaýmazmyň ýene bir öwre,

Bir pursatdan ýüregimi paralan?!




Awtory:Kakamyrat Rejepow
4 лайков 170 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Aksary
26 фев 2023, 12:58
Taryh dersi ýokmy munda,ýa men garjaşýanmy?
Ayralyk
Автор 26 фев 2023, 13:16
Aksary.,
Dushunmedim?
Pegas
26 фев 2023, 15:32
Awtory Kakamyrat Rejebow.
Aksary
26 фев 2023, 16:00
Ayralyk,
Ýalñyşmasam şeýle başlayan bolmaly
'Ýagyşly gün çykyp taryh dersinden'