Ýagyş hakda sizdede gosgy bar bolsa goyayyn :)

AGYŞLY GüN
ÝAGYŞLY GÜN

Ýagyşly gün,
Gaýdyp gelýän okuwdan,
Garşy aldy ýene tanyş duralga.
Gözüm düşdi şonda
Içiñ hümledip,
Bir çetdejik ýagşa ezilip duranña.

Synlap dursuñ, yşga düşen asmanyñ
Joşlaryna sygman aglaýanyny.
Men bolsa ýuwaşja saña süýşdüm-de,
Tutdum señ üstüñe saýawanymy.

Tisgindiñ.
Men has-da ýitirdim özüm:
"Aý ýöne-le... ezilipsiñiz... Bagyşlañ"
Soñra ne men gürledim, ne sen zat diýdiñ,
Durus aýdymyny diñläp ýagyşlañ.

Soñra bolsa, ýitip gitdiñ gözümden,
Birden gaýyp boluşy deý hüýrleriñ.
Sen bilýänem dälsiñ, şojagaz pursat,
Bu gursaga aýdym bolup gireniñ.

Bilýärmiñ, sadaja jemalyñ bilen,
Dünýämde üýtgeşik dünýä açanñy.
...Şondan bäri seni agtaryp ýörün,
Gowşurarsyñ diýip onuñ açarny.

...Ynha, ýene ýagyş, ýene duralga,
Golumda-da şo-ol "mukaddes" saýawan.
Sen bu ýolda ýene sataşaýmazmyñ,
Bir pursatda ýüregimi paralan?!

Kakamyrat Rejebow.
3 лайков 286 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Mechta
Автор 11 фев 2023, 09:22
ÝAGYŞ
Bir düşnüksiz howsalasy bar ýaly,
Indi ençe gündür ýagýar ol diňmän.
Ýa derde sataşdy,
ýa-da ýüregne
Yşkdan uçgun düşdi gözi deý iňňäň.

Ýagyş ýagýar, suw-sil edip ýollary,
Kimleň şähdi açyk, kimler darykýar.
Näçe adam öýlerine howluksa,
Ýene-de şonçasy daşaryk çykýar.

Her kimiň kalbynda çäksiz tolgunma,
Hoş sözler aýdylýar, ötülýär hata.
Saýawanly gyzjagazny göterip,
Hanha, gidip barýar nowjuwan ata.

Jemläp bir damjada müňlerçe syry
Ýagyş bagt paýlaýar töwerek-daşa.
Häzir bir-biregi küýsän aşyklaň
Duşuşygy has lezzetli, başgaça.

Ýagýar hetden aşyp,
sygman adata,
Bu howsala ýönekeý däl, kiçeň däl.
Mazaly ezilen baglar Gün çyksa,
Ýagşyň hikmetini dünýä güjeňlär.

ÝAG, GUSSAŇ MELHEMI!
Ýagyş ýagýar, uçmah ysly damjalar
Ýagýan ýaly ýere däl-de, ýüregme.
Bilmen, hyýallarym barýar hanjaga,
«Köne ýazgylary» goýup deregne.

Ýag, gussaň melhemi, yşkyň hemdemi,
Poslan göwünleri päklige ýetir.
Senden – umyt,
Razy, galsa mendenem
Ýaşaýşy beýgeltjek ýekeje setir.

Tebigat asylky keşbine girse,
Duýgular düýpgöter barýar özgerip.
Adam ýaşamaly giçde ýa irde
Erkini olaryň eline berip.


ÝAGŞA MEŇZEŞ…
Kän arzuw ederdim öňler
Hemra edinip hyýaly.
«Meniň saýlajak ýigidim
Bolsun diýip ýagyş ýaly».

Ýagyş deýin joşup duran
Duýgy bolsun gursagyna.
Güldürip bilsin ýüzümi
Gama batan pursadymda.

Söýsün meni çyny bilen,
Küýsetmesin özge gujak.
Kä şanyma şygyr ýazsa,
Käte çalsyn dutar, gyjak.

Ähli ýerde, hemme wagt
Açyp bilsin ýüregimi.
Çawuş çaksyn gyz-gelinleň
Tutmajagny deregimi.

Gözlerime bakanynda,
Gitsin kalbym joşup, jigläp.
Meň ýanymda agras däl-de,
Bolsun biraz dälimçigräk.

Asudaka, gaharlyka,
Şatlananda, söýeninde,
«Sen meniň ömrümiň örki»
Her deminde diýeninde,

Daglar-daşlar aman diläp,
Kalbym ýaly gitsin eräp.
Söýgimize ganat berjek
Tapsyn iň ajaýyp sebäp.

Käteler tötänden ýa-da
Göwni gidip baksa biri.
Müň mertebe toba etsin
Arkasynda bar diýp şiri.

…Sataşdym şeýle ýigide
Gursagy aýdym-şygyrly.
Bagtym bolup gelen ýigit
Hem-ä alçak, hem-de syrly.

Käte ot deý çabyraýar,
Birden buz deý barýar sowap.
Ýöne ýeke ýylgyryşy
Sowallarňa bolýar jogap.

Oýlanmaga mejbur edýär,
Hiç bir zadyň soňun saýman.
Tutup bormy közi elde,
A suwy ýüzünde aýnaň?!

Gurbanjemal ANNAKOWA
Pegas
11 фев 2023, 09:41
ÝAGYŞLY GIJE

Ýagşyň akymyna sozulýar yşyk,
Köçelerden gaýralygna suw akýar.
Gözüme bolmasa, reňkler garyşyp,
Çyralaň ýagtysy garaňka ýokýar.

Gijäň ýaňagyndan syrygýar sürme,
Akýar dünýäň guramadyk guaşy.
Bedenim ruhuma öými ýa türme,
Penjiräň daşynda kimiň gözýaşy?!

Aşgabat — öl-myžžyk,
çyg çekýär aňym,
Ýuwulýar jemaly çaňjaran dünýä.
Aglaýar hemrasyn ýitiren janym,
Ruhum — merhum arzuwlarma öwlüýä.


Seýitmyrat GELDIÝEW
Mechta
Автор 11 фев 2023, 12:42
PROLIGA,
Yokla goysana o aydymy gosgy bolsa goyun mumkin bolsa okamana