Geçmişde bolan waka
Gadym zamanlarda bir patyşa köşgüne gelýän ýoluň ortasynda uly gaýa daşyny goýdurypdyr. Ýurduň iň atly täjirleri, iň uly kerwenleri we köşk işgärleri şol ýoldan gatnapdyrlar. Patyşa indi olaryň neneň çykalga tapjakdyklaryny görmek üçin, şol ýola seredip oturyberipdir. Emma hiç hili üýtgeşiklik bolmandyr, täjirlerem, köşk işgärlerem daşyň daşyndan aýlanyp geçiberipdirler. Özleri-de köşge girensoňlar ýurduň baý bolsa-da ýollaryny arassalap bilmeýändigi barada gürrüň eder ekenler. Günleriň birinde bir daýhan öz ýetişdiren miwelerini köşge alyp gelýärkä, ýolda duran gaýany görýär. Ol iki elinem çermäp, derrew gaýany ýoldan aýyrmaga başlaýar. Ahyry bar güýjüni sarp edip, uly daşy ýoldan aýyrmagy başarypdyr. Ol ýere seretse, bir torba altyn, içinde bolsa patyşanyň hatyna gözi düşyär. Hatda «Bu altynlar gaýany yoldan aýyran adama degişlidir» diýip ýazylgy eken. Şeydip daýhan köşgüň birnäçe adamlaryna görelde bolupdyr. Oňümizde nähili päsgelçilikler, kynçylyklar yüze çyksa-da, ondan gaçyp ýa-da sowlup geçmän, ony düzetmek üçin elimizde baryny etmelidiris. Her bir päsgelçilik durmuşymyzy ýeňilleşdirjek bir mümkinçilikdir!
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.