Sport...

Salam hormatly agzalar, sag aman işläp okap ýörsüňizmi. Men bugün sport bilen ilkinji tanyşlygym hakda gysgajyk ýazmakçy.
Ilkinji sporta bolan höwes 1997-nji ýylda başlady, ýagny oniki ýaşymda. Kakam ýylda kömekçi aý azajyk guzly goýun baksada diýip ýylda owlak guzy möwsüminde çöle äkiderdi, fewralyň ýigrimlerindeň aprele çenli çölde bolardyk. Şol ýyl mekdepde oglanlar bilen sene mene boldyda(çagada ) namys etdim, (bolmasa boş göwrede ýetik welin). Olwagtlar sekizi gutaryp Marydaky woýenny uçilişäni gutaryp indem gulluga gitmeli agalarmyň biri kakama kömekçi bolupdy. Ýaňky günne daňdan turyp türgenleşik geçýärdi, menem ýanyna goşmagy haýyş etdim. Şeýdip başlady günde türgenleşik, gaçyp gitjek, ýatyp galjak gümana ýok daňdan dörtde turmaly günde, gaty ýokuş degýädi ýöne bir aýda mende sporta höwes döredi. Soň gulluga gidýänçäm başardygymdan dowam etdim.
Inni tehnologiýa ösdi, çagalar, ýaşlar demir göterip turnik uçandan telewizora, telefona güýmenenini kem görenoklar:). Sporty söýüň ýaşlar!
8 лайков 368 просмотров
50комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ötegçi
01 июн 2022, 19:03
Şoñ ücin figuralaram birhili, boýnu öñe gidikmi, içine depilen ýalymy, küýkimi köpüsi. Ýüzlerem dury däl.
Telwas
01 июн 2022, 19:35
“Mugt zadyň gadyry ýok”-diýileni çyn. Biz okuwçy wagtymyz mekdebimiziň sport zaly sport enjamlary bilen üpjin edilendi. Bedenterbiýe mugallymymyz bize turnik aňyrda dursun, ýönekeý maşklary kynlyk bilen etdirýärdi. Bir gyzymyz sülmüräp dursa, barymyz şeýdip durýardyk. Oglanlardan çekinip edilenokdy. Biziňem gözi-gaşy oýnap duran bezzatja oglanlarymyz bar bolansoň, olaryň gözüne, diline düşmejek bolup sport bilen meşgullanamzokdyk kän.
Men bu ýere gelip, her gün irden maşk edýän, ýöreýiş edýän. Garaz, “Sagdyn beden-sagdyn ruh” şygaryna eýerjek bolýan.
Sport bilen meşgullansaň, ruhuň galkynyp özüňi gowy duýýaň.
Maksat
Автор 01 июн 2022, 19:46
Ötegçi,
Baý ýarayşyp demir götererdik, turnik uçardyk. Menä başga güýmenje ýadyma düşenok şo wagtlar, derýa gidip balyk tutan bolýadyk.)
Telwas
01 июн 2022, 19:52
Salam Baýker aga. Öz ýagdaýlaryňyz, çagalar-çugalar, gelnejem bary saglykmy?!
Telwas
01 июн 2022, 19:53
Gyzykly ýatlamalaryňyzdan aýdyşdyrsaňyzlaň.
Maksat
Автор 01 июн 2022, 20:01
Nirvana,
Dogry aýdýaňyz "sagdyn beden sagdyn ruh".
Tüweleme sporty söýýän adam galjaň bolýa, onsaňam hiç zadyň utanjy ýoga özüň üçin peýdaly bolsa. Inni menem öňräkden bäri futbola düşünjek bolýan komanda-da tutundym Liwerpooly)).
Гость
01 июн 2022, 20:03
Bayker
Ötegçi,
Baý ýarayşyp demir götererdik, turnik uçardyk. Menä başga güýmenje ýadyma düşenok şo wagtlar, derýa gidip balyk tutan bolýadyk.)

Bizem öňler türgenleşen bolardyk, ýaş wagtyk. Gyşda iş-güýjüň azalaýan wagtlary karta oýnalşyk başlaýady. Daže şol kartanam şertli oýnardyk, "utulan 50 gezek otžimanýa almaly" edip. Ýöne, ni to ýeri 50 gezek alyp bilmediklere çilim dakýadykda. (Çilimiň gapdalyndan türgenleşik ýa-da türgenleşigiň gapdalyndan çilim:))
Maksat
Автор 01 июн 2022, 20:05
Nirvana
Salam Baýker aga. Öz ýagdaýlaryňyz, çagalar-çugalar, gelnejem bary saglykmy?!

Salam @Nirwana jigim, howwa oňat hemmesi.
Döwlet Şöhradow
01 июн 2022, 20:11
Dogry. Biz isleýän zadymyza näçe ir başlap bilsek şonça gowy. Sport hem biziň A planymyzdan başlamaly, irden turup maşk etmek bilen şol bir üýtgeşmesiz (algoritmli) geçip durýan günden tapawutly bolýa. Sporta endik etsek nirde nähili ýagdaý bolandada kösenmers.
Maksat
Автор 01 июн 2022, 20:11
Гость
Bayker
Ötegçi,
Baý ýarayşyp demir götererdik, turnik uçardyk. Menä başga güýmenje ýadyma düşenok şo wagtlar, derýa gidip balyk tutan bolýadyk.)

Bizem öňler türgenleşen bolardyk, ýaş wagtyk. Gyşda iş-güýjüň azalaýan wagtlary karta oýnalşyk başlaýady. Daže şol kartanam şertli oýnardyk, "utulan 50 gezek otžimanýa almaly" edip. Ýöne, ni to ýeri 50 gezek alyp bilmediklere çilim dakýadykda. (Çilimiň gapdalyndan türgenleşik ýa-da türgenleşigiň gapdalyndan çilim:))

Çilim gullukda menem öwrendim:)). Gullukda çilim barmy diýjeklere men Tallymerjende zastawada boldum, hemme zat bardy:))
Maksat
Автор 01 июн 2022, 20:18
sᴛᴀᴛᴇ
Dogry. Biz isleýän zadymyza näçe ir başlap bilsek şonça gowy. Sport hem biziň A planymyzdan başlamaly, irden turup maşk etmek bilen şol bir üýtgeşmesiz (algoritmli) geçip durýan günden tapawutly bolýa. Sporta endik etsek nirde nähili ýagdaý bolandada kösenmers.

Dogry, gündeki türgenleşige bir üýtgeşme girizip, höwesiňi artdyrmaly. Men ilki ýeke özüm soňra iki sany klasdaşym goşuldy türgenleşige. Gyzyklydy ol wagtlar, inni aň ösdümi ýa gözýetim giňmi kän sporta üns berýän ýok.
Hiayress
01 июн 2022, 20:26
Çagakak irden ertirlik edinip öýden çykylardy, agşam gözläp tapyp ýygnardylar. Uzak gün edilmeýän zat ýokdy. Futbol, ýapda suwa düşmek, kart, balyk tutmak, iliň mellegi, garaz garagolluk bolsa edilerdi. Agşam sütüniň-sünüp öýe ýygnanyp, agzyň nanly, gylygyňy akdyryp ýatyp galýansyň. Ol wagt uzak gün öýde bolmasaňam geň görýänem ýokdy. Sportada kiçilikden futbol oýnaýadym, höwesim ulydy, ýöne saraltma bolanymdanmy näme kän bir uzak gaty ylgap bilmezdim, finte welin ökdedim. Mekdepden soň obaň futbol topary bardy, şolar bilen maşk eden bolýardyk. Garaz günüň nädip geçenini bilemzokdyk. ))
Bentner
01 июн 2022, 20:37
Hiayress
iliň mellegi

Shondan iyseň lezzeti bashgadymy? :-D
Yashasyn ilň mellegi)
Bentner
01 июн 2022, 20:39
Trenirowka indi etyan mena.
Kicikam diňe nardy oynardym, 4-5sany yashulylaň krugyna girip 2-3 gezek krug aylayadym patsankam :) ??
Hiayress
01 июн 2022, 20:40
Bendtner,
Ol wagtlar geňem görülmezdi. Maýyň aýaklary miweler, tomusam hyýar, pamidor, gawun, garpyz, zamça diýen ýaly bakja önümleri. Her kimiňkiden birki sanysyny alsaň garnyň ganar bolýar. :D
Telwas
01 июн 2022, 20:42
Bayker
Nirvana,
Dogry aýdýaňyz "sagdyn beden sagdyn ruh".
Tüweleme sporty söýýän adam galjaň bolýa, onsaňam hiç zadyň utanjy ýoga özüň üçin peýdaly bolsa. Inni menem öňräkden bäri futbola düşünjek bolýan komanda-da tutundym Liwerpooly)).


“Galjaň”- näme many aňladýar?

Utanjy ýok-la edip bilseň. Özüm wolleýboly gowy görýärdim, gatnaşýardymam. Waw fanatdaş bolupdyrs-a agam.
Maksat
Автор 01 июн 2022, 20:44
Bendtner
Hiayress
iliň mellegi

Shondan iyseň lezzeti bashgadymy? :-D
Yashasyn ilň mellegi)

Hemme ýer birmeňzeş:)). Dogrudanam süýji bolýady, öýde bişen gawun garpyz bolsada, iliň çig garpyzy öýdäkiden tagamly ýalydy))
Telwas
01 июн 2022, 20:45
Hiayress
Bendtner,
Ol wagtlar geňem görülmezdi. Maýyň aýaklary miweler, tomusam hyýar, pamidor, gawun, garpyz, zamça diýen ýaly bakja önümleri. Her kimiňkiden birki sanysyny alsaň garnyň ganar bolýar. :D


Kiçikäm enemlerde bolýarkam, deň-duşlarym bilen goňşularyň bagyndan bizem ogurlaýardyk. Hatda atamyň öz bagyndan gizlin armyt iýjek bolamda aýagyma çüý çümipdi. Näme işiň bar diýsene, gündiziň sür günortany bagyň aşagynda. Uly il günortan ukusynda. Meň bolsa bar gaýgym gara-garnym. Iýmegi kiçilikden bäri gowy görýän-dä. :)
Maksat
Автор 01 июн 2022, 20:52
Nirvana,
Galjaň, ýeňil gopýan, işeňňir, höwesek:)). Dil sözlüginde başga düşündilişi bar bolsada bilemok.
Hiayress
01 июн 2022, 20:53
Trenirowkada gulluga gitmeli diýlenne 8aý galanda baý edilendirä. Gulugyň guluk diýip gürrüň berilýän wagtlaryda. Agşam naharyndan soň 9-10-larda biriniň iýşigine üýşülerdi (Işiginde turnik, brýus ýasap, dürli-dürli daşlardan tapan-tupanymyzy üýşürip sport zal edilendirä). 12-lere çenli trenirowka ondanam agşam 1-2 çenli köçede otulardy. Ýöne-de oturylmazdy. Aw-awlanardy. Oba swidanýa gelýän oglanlar awlanardy. Düşüwüntlije işdi. :)) Garaz iç gysmardy. Gyssa-gysardam welin edilýän betçiliklerden ýaňa gysmana mümkinçilik berilmezdi.
Döwlet Şöhradow
01 июн 2022, 20:54
Bayker,
Hakyky, bizem öňräk 4-5 oglan bolup çöle ylgamana gitýädik, asda ýuwaş olam galdy, indi ýeke dowam edýän. Biziň bedenterbiýe mugallymyz daşyndan ýaşy geçene meňzeýänem bolsa turnik çekmäge ökde, kiçiräk synpda okaýan wagtyk bize: siz dagy ýaş bedeniňiz bar özüňize agram salman bedeniňizi taplaň, şu zatlara häzirden başlamasaňyz soňam edesiňiz gelmez, erte birgün gulluga gitmeli oglanlar bu bolşuňyz şeýle bolsa gün-günden agramyňyz artyp bedeniňize ýag örtüp başlar, turnik çekiň! - diýip janygyp aýdardy. Ýöne sözi ýerde ýatmady. Başladyk, başardyk, kämilleşdik.

Sporta bolan höwes - motiwasiýadan, adamlaryň maslahatyndan we namys etmekden başlanýar eken. Arzuwyň hem hereketi bolmasa peýdasyz.
Telwas
01 июн 2022, 20:54
Bayker
Nirvana,
Galjaň, ýeňil gopýan, işeňňir, höwesek:)). Dil sözlüginde başga düşündilişi bar bolsada bilemok.

Hiayress agzaň “özüňi özüň öwme, öwseň ýüki agyr bolar” diýeninden bäri özümi öwemokda. Illeň öwmegine görä işeňňir men diýen bolaýyn. :)
Bentner
01 июн 2022, 20:55
Nirvana
Kiçikäm enemlerde bolýarkam, deň-duşlarym bilen goňşularyň bagyndan bizem ogurlaýardyk.

Bagdan ogurlap iyyan Enesh ücin türkmen halk aydymy "Ne bag duydy ne bagban" :-)
ansambl
Telwas
01 июн 2022, 20:57
Hem oba hem şäherçe hem şäher ýaşaýşyny ýaşap gören biri hökmünde, oba durmuşynyň gyzykly geçýändigini aýdyp biljek.
Telwas
01 июн 2022, 20:59
Bendtner
Nirvana
Kiçikäm enemlerde bolýarkam, deň-duşlarym bilen goňşularyň bagyndan bizem ogurlaýardyk.

Bagdan ogurlap iyyan Enesh ücin türkmen halk aydymy "Ne bag duydy ne bagban" :-)
ansambl


:)) ýeke ogurlamokdym. Oglanlar ogurlaýançy, biz gyzlar iýýänçidik. Hawa, şol aýdym şol ýagdaýymyz üçin ýerliklidi.
Hiayress
01 июн 2022, 20:59
Nirvana,
Meň mamamlaryň aýak uçundaky potratlygyň başlaýan ýerinde gür miwelik bardy. Erik, şetdaly, armyt, çaga üçin gürlüginden ýaňa jeňňel ýalydy. Ýanynda-da suwa düşülýän güzer. Sür günortan ýarym kilometr ýaly ýol geçilip şoňa barýadyk, soňam suwa düşüp gaýtýadyk. Şu wagt ýatlasaň hezil. Ýöne tutulyp gulak düýbüň gyzardylýan wagtlaram az bolanokdy. :D
Maksat
Автор 01 июн 2022, 21:01
sᴛᴀᴛᴇ,
Meň ýaşlaň arasynda sporty nygtasym gelmeginiň asyl manysy şu belli bir ýaşdan soň näçe höwes etseňem bolanok, başga problemalar, durmuşa goşulşyp başlamak diýen ýaly. Kän şu gullukdan gelýän ýa orta mekdebi gutaran ýaşlaň içinde beden taýdan doňup duran oglana gabat gelemok, bar welin seýrekdä.
Merdan
01 июн 2022, 21:04
6ýaşymda çagalar bagynda wagtym, kakam elimden tutup erkin göreşe ýazdyrdy we ilkinji ýaryşymda hem ýer alsam sowgat alyp berjek diýdi. Menem 7ýaşymda etrap derejesinde ilkinji ýaryşyma çykdym, ol wagtlar iň kiçileri 2000-98 nji ýyllar arasynda bolýady, zordan 3nji ýer aldym. Ýaryşdan soň şol döwürleriň iň moda zady bolan SEGA alyp berdi. Şeýdibem göreşe uly höwes döräp başlady
Telwas
01 июн 2022, 21:05
Hiayress,
Sen gije köçede oturýas diýeňde, mamamlar ýadyma düşdi. Olar sentrda çatyryga ýakyn ýaşaýardy. Şol ýerde gije birgiden oglanlar oturýardylar, geçeni synlap. Gyz geçse elleri gelýärdi, gygyryp-sygyryp, lak atyşyp. Ugratmaga gitjek diýip topar bolup gidýärdiler yzlaryndan. Bizem daýzamyň gyzy bilen mamamlaň penjiresinden jyklap oturýardyk, swedi öçürip. Kino gören ýaly gyzyklydy. Menem ýaramaz çagadym, kiçikämem şu gepçiligimdi. Ahyry gijäň ýary babam penjireden kellesini çykaryp köçedäki oturan oglanlary kowýardy. Olaram birbada ýuwaş oturyp, soň ýene gülşip-urşyp oturýardylar. Oglanlaň gepçi bolýanyna şol wagtlar şaýatlyk edipdim.
Maksat
Автор 01 июн 2022, 21:07
Nirvana,
Işeňňir bol elmydama jigim, zähmetden zyýan gelmez. Şu gün ýaltansaň ertirem şeýle bolar soň çagalarňa göreldäň pes bolar, çaga terbiýesi iň jogapkärli iş. Şoň üçin menä käwagt gaharym gelende şu sadikdaky mollumlara medal dakmaly diýýän :).