Sport...

Salam hormatly agzalar, sag aman işläp okap ýörsüňizmi. Men bugün sport bilen ilkinji tanyşlygym hakda gysgajyk ýazmakçy.
Ilkinji sporta bolan höwes 1997-nji ýylda başlady, ýagny oniki ýaşymda. Kakam ýylda kömekçi aý azajyk guzly goýun baksada diýip ýylda owlak guzy möwsüminde çöle äkiderdi, fewralyň ýigrimlerindeň aprele çenli çölde bolardyk. Şol ýyl mekdepde oglanlar bilen sene mene boldyda(çagada ) namys etdim, (bolmasa boş göwrede ýetik welin). Olwagtlar sekizi gutaryp Marydaky woýenny uçilişäni gutaryp indem gulluga gitmeli agalarmyň biri kakama kömekçi bolupdy. Ýaňky günne daňdan turyp türgenleşik geçýärdi, menem ýanyna goşmagy haýyş etdim. Şeýdip başlady günde türgenleşik, gaçyp gitjek, ýatyp galjak gümana ýok daňdan dörtde turmaly günde, gaty ýokuş degýädi ýöne bir aýda mende sporta höwes döredi. Soň gulluga gidýänçäm başardygymdan dowam etdim.
Inni tehnologiýa ösdi, çagalar, ýaşlar demir göterip turnik uçandan telewizora, telefona güýmenenini kem görenoklar:). Sporty söýüň ýaşlar!
8 лайков 368 просмотров
50комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Telwas
01 июн 2022, 21:08
Sportyň soňy bagdan miwe ogurlamaga öwrülip gitdi. Aýtdyma men size gepçidigimi. Sizem özüme meňzedip barýan. :))
Şu saýtda meň bilen şular ýaly gybat edýän gyz ýok bolansoň, haçan görseň siz erkek doganlarymyň-jigilermiň arasyndadyryn men. Geň göräýmäň! Geň görseňizem alnyňyza. :)
Massimus
01 июн 2022, 21:08
Ötegçi,
Şoñ ücin figuralaram birhili, boýnu öñe gidikmi, içine depilen ýalymy, küýkimi köpüsi. Ýüzlerem dury däl.

Gowy ýazypsyň şuna hokkey
Maksat
Автор 01 июн 2022, 21:11
MerdanGeldiyevv,
Berekella öz başyňa SEGAň bolupdyr, biz bolsak etraba gidip pul berip oýnap gaýdyp bir aýlap täsirinden çykyp bilmän gezerdik.
Telwas
01 июн 2022, 21:12
Bayker,
Bolýar agam, şeýle bolaryn. Dogry aýdýaňyz.
Döwlet Şöhradow
01 июн 2022, 21:13
Bayker,
Howa, olar ýalysy 10/1-i gabat geläýmese ýöne bardyr şondada. Bir zada haýran galýan, kä bir oglan bar näçe ýyldyr trenirowka edip ýören ýöne bedenine (muskl) bildirenok ýöne bedeni horragam bolsa berk, kä biri bar daşyndan görseň göwresi iri şunuňa trenirowkasy ýetik öýtýän diýýäňem welin tersine, içiňden bolsa tohumy şeýledir diýip goýýaň.
Hiayress
01 июн 2022, 21:18
Nirvana,
Ol döwürler obada ýeriň astynda ýylan gäwşese habarymyz bolýardy. Oňa söz ýok. Obadan biri barada kime harakteristika gerek bolsa arkaýyn ýüz tutup bilýärdi.
Maksat
Автор 01 июн 2022, 21:21
Hiayress
Nirvana,
Ol döwürler obada ýeriň astynda ýylan gäwşese habarymyz bolýardy. Oňa söz ýok. Obadan biri barada kime harakteristika gerek bolsa arkaýyn ýüz tutup bilýärdi.

:)))
Suleyman
01 июн 2022, 21:30
9-njy klasda futbola gatnaýarkam, goňşy döwlet Eýranda ýetginjekleň arasynda futbol ýaryşy geçirilýär diýilende, gitmeli diýilen 23 adamyň, ikisini galdyryp, oňa derek şol wagtky Sport komitetiniň direktorynyň 2 sany ogluny iteklediler. Futbolistem däl olar aslynda, ýurt görmäne, gezelenje barýalar..

Galdyrylan iki oglanyň we şu waka şaýat bolan beýleki oglanlaryň (şol sanda meňem) hemmesiniň futbola bolan höwesini, ynamyny küteltdiler...

Giden ildeşlerimizem hormat hat b.n dolanyp geldiler.
Hiayress
01 июн 2022, 21:34
Dark_Wolf,
Aý, eden-etdilik, haksyzlyk häzirki döwürde çerez-çur köp. Eýdip-beýdip şoňam az sanlysynyň bolsada öňüne almana synanyşmaly.
Maksat
Автор 01 июн 2022, 21:38
Dark_Wolf,
Döwletiň arkasyndan sport komitetiň ogullary Eýrany gezipdirlerdä:))
Kerbaba
01 июн 2022, 21:38
Мен бир олманкам ткм яшларынын олимпия оюнларындан хотя бы бурунч медал гетиренлерини бир горуп билайсем....
Hiayress
01 июн 2022, 21:39
Hemme zady pul, tanyş çözülýän döwüriň ýaşlaryna nebsiňem agyrman duranok. Olara geljekden tama eder ýaly mümkinçilik goýanoklar. Sebäp tanşyň ýada pulyň bolmasa talantyň od ýaryp dursada peýdalanyp bolmajagyny görüp durlar.
Maksat
Автор 01 июн 2022, 21:40
kwadrat kelle
Мен бир олманкам ткм яшларынын олимпия оюнларындан хотя бы бурунч медал гетиренлерини бир горуп билайсем....

Göreris nesip bolsa agam, biziňkilerem öserler.
Bentner
01 июн 2022, 21:41
kwadrat kelle
Мен бир олманкам ткм яшларынын олимпия оюнларындан хотя бы бурунч медал гетиренлерини бир горуп билайсем....

Ватандашымыз Гуреева ялы Тм-ларданам чыкмазмыка олимпист
Maksat
Автор 01 июн 2022, 21:43
Hiayress
Dark_Wolf,
Aý, eden-etdilik, haksyzlyk häzirki döwürde çerez-çur köp. Eýdip-beýdip şoňam az sanlysynyň bolsada öňüne almana synanyşmaly.

Gözüni çykarýalarlaý, öňüni aljak bolýan ýokdurla bolmasa beýle bolmazdy.
Kerbaba
01 июн 2022, 21:47
Bendtner,
Кан гарашдым.. Гуреева молодец! Башыны башлады.. Миллет сайладыгым дал. оз ткм яшларымызданам шейле нетиже чыкайса мена бегенип учардым.
Merdan
01 июн 2022, 22:13
Bayker
MerdanGeldiyevv,
Berekella öz başyňa SEGAň bolupdyr, biz bolsak etraba gidip pul berip oýnap gaýdyp bir aýlap täsirinden çykyp bilmän gezerdik.

Hakyky, şol wagtlar zadyň gadyryny bilmändiris, ondan soňky ýaryşda 1-nji ýer alamda DVD alyp berdi, içinde SEGA-ňky ýaly oýunlar bar, welaýatda 1-nji ýer alamda Noutbuk alyp berdi)) biz bolsa gadyryny bilmän, aýap saklaman döwüpdiris. Indi alyp beräýmelidä şol zatlary obaly
Öwreniji
01 июн 2022, 22:23
DARK WOLFyň aýdyşy ýaly ilki bilen höwes gerek höwesiňi gaçyrsalar, şoňa ymtylasyň gelmeýär, ýöne häzir käbir ýaşlr bar höwesegine trenirowka görýärler, sporty saýlaýan bar ýöne sany juda az.
Ötegçi
01 июн 2022, 23:42
 Dark_Wolf  off № 38Şu gün, 21:30

9-njy klasda futbola gatnaýarkam, goňşy döwlet Eýranda ýetginjekleň arasynda futbol ýaryşy geçirilýär 



Biziñkiler mydam açgöz ýöne. Barybam biriniñ sumkasyna girip ony muny çilip ýörendirler:) özlerem akylly ogrular tel zat däl eşik ýene.
Ötegçi
02 июн 2022, 00:15
kä bir oglan bar näçe ýyldyr trenirowka edip ýören ýöne bedenine (muskl) bildirenok ýöne bedeni horragam bolsa berk, kä biri bar daşyndan görseň göwresi iri şunuňa trenirowkasy ýetik öýtýän diýýäňem welin tersine, içiňden bolsa tohumy şeýledir diýip goýýaň

Howwa şo şeýle. Bir gezek diş sogurtmaga bardym. Garaşyp durun. Içerden: "A-aý" dp bir erkegiñka meñzeşräk ses çykdy wln düýrugip gitdim. Gaty gygyrdy. Çyksa pil ýaly oglan :D Agramym arassa 20 kg azdyr wln arkaýyn ýere serjek şony.