Ýüzärlik bilen türkmen.
Salam hormatly agzalar, men bugün ýüz derdiň dermany ýüzärlik hakynda mowzuk açaýyn diýdim. Bilşimiz ýaly türkmen hojalyklarda ýüzärlik giňden ulanylýar. Mysal üçin çagalar dümewlese, sowuklasa ýüzärligi gaýnadyp mylaýymja suwuna aýaklarny basyp oturýalar ýada şol suw sowaýança bugundan dem aldyrýalar, içagyryda dänelerini içilýä, öýde tütedilýä başgada her hili edip ulanylýar. Ýöne näme üçindir soňky döwür ýüzärlige isleg artdyka, häzir doly bişenogom welin şeýle bir ýygýalar, ýygsynlar hojalyk üçin gutarjak gümany ýok welin satýan kän, bogdagy bir manatmyş. Beh başga ýerde ýüzärlik ýokmyka ýa soňky döwür derman zat ýasalyp talap köpelýämikä diýýän öz özüme. Türkmeniň näme üçin ýüzärlige jyny düşdükä?. Entek doly bişenok hatda gülläp oturanlaram bar, ýygyp satdyňamda alan adam üçin doly bişmedik ýüzärlik aldaw bolaýmasa. Malam iýenok ýygsynlar, ýyganlary hiç ýöne adam birzada tiňkesini dikse tohumyny tükedäýmelimikä diýýän ýaly. Gadaganamlaý tutsalar ştraf etýäler köp ýygsalar, olarada bäş manat bolýandyrda soň adyny tutanoklar. Ýüz derdiň dermany ýüzärlik, bişensoň ýygsaň hasam peýdaly!
15комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.