Garşydaş garaşmaýar ?
Gadym döwürlerde gaýry ýurtdan gelýän agyr kerwen bir türkmen obasynyň üstünden geçmeli bolupdyr. Bag-bakjasy seleňläp oturan bir obanyň gyrasynda eli okly, ýaýly ýedi ýaşlaryndaky oglanjyk çöküne düşüp, aglap oturan eken. Kerwenbaşy oglanjygyň ýanyna baryp: «Oglum, näme boldy, näme üçin aglaýarsyň?» diýip sorapdyr. Oglanjyk gözünden boýur-boýur ýaş döküp oturyşyna, ok atym aralykdaky gara agajy görkezip: «Men nyşanany urup bilmedim, şonuň üçin namys edip otyryn, özüme gaharym gelýär» diýip jogap beripdir. «Heý-de onuň üçinem gözýaş dökerlermi. Sagdagyň okdan doly, ýene birini alyp, atyp göýber» diýip, kerwenbaşy dillenipdir. Onda oglanjyk: «Ýöne duşman meniň ýene bir okumy alaryma garaşyp durarmy näme?» diýip, kerwenbaşynyň ýüzüne soragly nazaryny dikipdir. Kerwenbaşy bu jogaba haýran galypdyr: «Türkmeniň ýedi ýaşlysy şeýle pikir edyän bolsa, ýaşy ýetip, akly goýalyşanlarda Watan, namys duýgusy has kämil bolmaly» diýip, türkmeniň bu duýgusyna telpek goýupdyr.
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.