GARŞYDAŞ GARAŞMAÝAR(meni pikirlendirdi)
Gadym döwürlerde gaýry ýurtdan gelýän agyr kerwen bir türkmen obasynyň üstünden geçmeli bolupdyr. Bag-bakjasy seleňläp
oturan bir obanyň gyrasynda eli okly, ýaýly ýedi ýaşlaryndaky oglanjyk çöküne düşüp, aglap oturan eken. Kerwenbaşy oglanjygyň ýanyna baryp: «Oglum, näme boldy, näme üçin aglaýarsyň?» diýip sorapdyr. Oglanjyk gözünden boýur-boýur ýaş döküp oturyşyna, ok atym
aralykdaky gara agajy görkezip: «Men nyşanany urup bilmedim,
şonuň üçin namys edip otyryn, özüme gaharym gelýär» diýip jogap
beripdir. «Heý-de onuň üçinem gözýaş dökerlermi. Sagdagyň okdan doly, ýene birini alyp, atyp goýber» diýip, kerwenbaşy dillenipdir. Onda oglanjyk: «Ýöne duşman meniň ýene bir okumy alaryma
garaşyp durarmy näme?» diýip, kerwenbaşynyň ýüzüne soragly nazaryny dikipdir. Kerwenbaşy bu jogaba haýran galypdyr: «Türkmeniň
ýedi ýaşlysy şeýle pikir edýän bolsa, ýaşy ýetip, akly goýalyşanlarda
Watan, namys duýgusy has kämil bolmaly» diýip, türkmeniň bu duý-
gusyna telpek goýupdyr.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.