BILMEK BILMEZLIKDEN HAÝYRLY...

Abu Reýhanyň ylyma berlenligi hakda rowaýatlar örän kän.
Bir gezek ol agyr ýarawsyz ýatyrka dostlarynyň biri halyny soramaga gelipdir. Sähel mejaly bolan Biruny ondan bir mesele hakda
sorapdyr. Ol adam: «Haly teň ýagdaýda ýatyrsyň, bu wagt ylym
bilen meşgullanmak hökmanmy?» diýip sorapdyr. Biruny oňa «Men
bu dünýäden şuny bilmän gidenimden bilip gidenim haýyrly dälmi
näme?» diýip sorapdyr. Soňra ikisi bu meseläniň üstünde dürli pikir
alşypdyrlar. Ahyry Biruny kanagatlanarly jogap tapypdyr. Ol adam
çykyp gaýdýar we ýolda gelýärkä hem Birunynyň dünýäden ötendigi
hakdaky habary eşidip galýar.
1 лайков 85 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.