BIR SÖZDEN YBARAT TERBIÝE

Heniz beglik derejesine çykmanka Ymadeddin Zeňňi harby
tälimçi we atabeg eken. Atabegler öz şägirtlerine dürli ylymlary
we harby sungaty birkemsiz öwredip, olary durmuşa ählitaraplaýyn
taýýarlar eken. Şonuň üçinem türkmeniň atabeglik mekdebi gaýry
halklara hem nusga, görelde bolupdyr.
Bir gezek Ymadeddin Zeňňi öz şägirdiniň çydamlylygyny taplamak üçin ony dürli synaglara sezewar edipdir. Arkasyna agyr
daşlary alyp, olary baýryň depesine daşamagy buýrupdyr. Soňra
heniz demini dürsäp ýetişmänkä, ony jeňňele, tokaýa äkidip, ýabany haýwanlar bilen başa-baş darkaş gurmagy tabşyrypdyr. Özi hem
golaý-goltumynda durup onuň her bir hereketini, özüni alyp barşyny
synlapdyr. Halys ysgyn-mejaly galmadyk şägirdine Ymadeddin Zeňňi
bary-ýogy ýekeje sözi gaýta-gaýta ýaňzydar eken. Diňe şol sözüň özi
şägirdiniň her bir işe çydamly çemeleşmegine, ruhdan düşmezligine,
ýene gylaw tapyp, gara güýjüne we sagdyn akylyna daýanyp, öňe okdurylmagyna sebäp bolar eken. Her gezek şägirdi «mundan aňyrda
mejalym ýok» diýen terzde halypasynyň ýüzüne dikanlap bakanda, Ymadeddin Zeňňi oňa: «Çyda, ýene azajyk çyda» diýer eken.
Şägirdi hem halypasynyň ynamyny ödemek üçin her gezek «ýene
azajyk çydar» eken. Şeýdibem, bary-ýogy birje sözüň – ýene azajyk
çydamagyň gudraty bilen şägirdi bir günde birnäçe işiň hötdesinden
gelipdir. Gün ikindiden aganda Ymadeddin Zeňňi şägirdini ýanyna
çagyryp: «Her wagt özüňi ýadaw ýa argyn duýsaň, ýa-da nämedir bir
zada hötde gelmek çetin düşer öýtseň, «ýene azajyk çydaýyn, azajyk
gaýrat edeýin» diýip, ýadawlyga-da, ýaýdanjaňlyga-da per bermän,
öňe dyzasaň, hökman iş bitirersiň. Üstesine bu ýagdaý soňra endige,
häsiýete öwrülip galar we barha kämil bolarsyň» diýipdir.
1 лайков 84 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.