AMALSYZ ARZUW
Sopy pirleriň biri Baýezid Bistamynyň ýanyna bir adam gelipdir. «Siziň tälim-taglymatyňyz meniň bar ömrümi weýran etdi. Ýigrimi ýyl mundan ozal, ylym öwrenmek üçin bosagaňyzdan ätlämde,
maňa üç zady pugta sargadyňyz – hiç hili baýlyk soramasaň, onuň
özi geler durar. Hiç zat gözlemeseň, onuň öz-özi tapylar durar. Hiç
gyzy küýsemesiňiz – iň owadan näzenin nesibäňiz bolar – diýipdiňiz.
Ondan bäri laýyk ýigrimi ýyl geçdi. Owadan jenan-ha beýle-de dursun, betgelşik biri-de geläýse nädersiň. Baýlyk hakda-ha asla aýdyp
oturmaýyn. Şunça ýyllap sabyr etdim, halys lagşadym. Emma aý-
dan zatlaryňyzyň biri hem hasyl bolmady. Ýeri, indi näme maslahat berýäňiz?» diýipdir. «Sen arzuwlara öte gyzygyp, esasy zady
duşuňdan geçiripsiň. Baýlyk soramansyň, emma «häzir öz-özünden
peýda bolar» diýip garaşyp oturypsyň. Zenan soramansyň, emma
«häzir bir owadan gyz gapydan girer» diýip, gultunyp galypsyň.
Men saňa amal bilen berkidilmedik islendik arzuwyň gury hyýaldygyny aýdyp, netijä üns berme-de, esasan, yhlasyňa üns ber diýipdim.
Yhlasyň jaýdar bolanda, netijäniň gitjek ýeri bolmaz. Diňe netijä
garaşyp, zähmetiňi ýatdan çykarsaň welin, ýene ýüz ýyldan gaý-
dyp geleniňde hem eliň boş bolar» diýip, Baýezid Bistamy hezretleri
jogap beripdir.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.