Iň ýagşy dogan...

Dükandan guwanç bilen öýlerine çörek alyp barýan oglanjygyň gözleri birdenkä ýoluň gyrasynda duran täzeje awtoulaga düşdi. Ol hyýallar äleminde nämedir bir zatlary öz ýanyndan arzuwlap durka, ýanyna geýnüwli bir adamyň geleninem aňmady. Ol adam gele-gelmäne: «Saňa meniň ulagym ýarady öýdýän, bu meniň doganymyň sowgady. Onuň işleri örän şowuna, şonuň üçinem muny öz gadyrdan jigisine sowgat etdi» - diýip, gülümsiräp oglana habar gatdy. Oglanjyk: «Hawa, ulagyňyz juda owadan hem ajaýyp eken. Belki, günleriň birinde men hem... - diýip, sözüni soňlamaka, şol geýnüwli syrdam ýigit: «Şolar ýaly doganyň bolmagyny arzuw edýänsiň» diýip, ony ýaňsa almakçy boldy. Oglanjyk: «Ýok, ýok, beýle däl. Meniň hem jigim bar. Men oňa şeýle ulagy sowgat ederin. Siziň doganyňyzyň işleri aýdyşyňyz ýaly öz-özünden şowlaýan däldir, ol munuň üçin gije-gündiz işleýändir, men hem şeýle işlemekçi» diýip, elindäki çöreklerini öýüne ýetirmäge howlukdy.
3 лайков 166 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Döwlet Şöhradow
Автор 30 июн 2022, 22:35
Bir günde bolmaz, emma bir gün bolar...
Margarita
30 июн 2022, 22:51
"Umytly guş Käbä ýeter" diýleni. Belki şowuna bolar.
Aýnur
30 июн 2022, 23:27
Şular ýaly çagajyklaryň bir arzuwlary amala aşaýsyn!
Mahremcynar
01 июл 2022, 13:40
Allah her kimiň dileğin amala aşyrsyn