Çopan oglanjyk(Erteki)
Bir bar eken, bir ýok eken. Gadym zamanlarda bir oglanjyk bar eken. Ol diňe ejesi bilen ýaşap, günlerini zordan aýlapdyrlar. Adamlar bu kijejek maşgala kömek bolsun diýip 5 sany goýun sowgat beripdirler. Onsaň oglanjyk günde goýunlary obadan daşda bolmadyk ýere baryp, goýunlaryny bakyp başlapdyr. Günler hem şeýdip geçiberen. Günde-günde şol birzatdan ýadan, garagol oglanjyk, bir gün begenip-gülmegi ýüregine düwüpdir. Ol ir bilen goýunlary obaň gyrasyna bakmaga alyp gidipdirde, ýaňy gün dogup başlanynda "Waý adamlar ýeteweriň. Möjekler geldi. Goýunlarymy iýýärler" diýip bar-sesi bilen bygyryp başlapdyr. Ogluny eşiden eje-hem oba adamlara gygyryp kömek sorap ylgapdyr. 30-40 sany oba adamlarynyň kimsi çarşaga, kimsi palta, kimsi ok-ýarag alyp möjekleri kowmaga kömege ylgapdyrlar. Gelip görseler ol garagol-oglanjyk ýere ýykylyp gülüp ýatyrmyş. Ol gülmekden ýaňa çabalanyp:
— Men sizi aldadym, siz lar ynandyňyz!!! — diýipdir. Oba adamlary "Günä özümizden çaga ynandyk" diýişip öýli-öýlerine gaýdypdyrlar. Ejesi garagol oglanjyga beýle etmelidäldigini düşündirsede, oglanjyk ýene 3 günden bu oýnyny gaýtalapdyr. Bu gezek 20 adamdagy kömege gelipdir. Oglanjygyň ejesi ogluna käýýesede, oglanjyk ýene 3 günden bu oýnuny gaýtalaýar. Bu gezek adamlaryň 5-si kömege gelýär. Şeýle günleriň birinde ir bilen goýunlary bakmaga giden oglanjygyň sürüsine hakykatdanam möjeklerleriň topary çozjak bolupdur. Muny gören oglanjyk ýene bar sesi bilen adamlary gygyryp çagyryp başlapdyr:
— Aý ýeteweriňňňň, möjekler geldi. Men çynymy aýdýan. Halas ediň. Meni bagşlaň. Ejeeeee...— diýip gygyranynda oba adamlary "Aý çagadyr, ýene geçen-gezekki ýaly aldaýandyr" diýişip hijisi çykmandyr. Çagasynyň nalasyna ýüregi awan eje ylgap ýeke-özi kömege barypdyr. Barsa 8 sany möjek eýýäm 5 goýuny parçalap süýräp barýar eken. Möjekler oglanjygy hem ejesini görüp bulary hem lak-luk atyp gidiberipdirler.
Awtor: Halk arasyndan, ýatda galanlardan.
Ýazga geçiren: IDEALLIDER.

4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.