Ötegçiden

  Öñünden syzyşym ýaly üç aýlara kör köpüksiz girdim. Ýeke teññelik zat gazanmanam geçirip barýan. Ýok men elektron manatlar, şakyrdap duran ýüzlikleriñ gürriñini edemok. Meñ pikir edýän zadym has çuñ. Ýandagyñ kökleri ýaly. Ýandak nirden kellä geldi diýsene. Beton diwarlary ýaryp, maskamy aýryp, rentgen kagyzlarymy ýyrtyşdyryp, "özime gelişmänem durmady!" Diýip halansyran operasiýa eşigmi kinolardaky ýaly ylgap barýarkam egnimden sypyryp, şaglap duran gara ýollar bilen däl, ganatlarym bilen bir öwran dagdan aýlanyp, Garaguma eñesim gelýär. Eý, Hudaý, bir döwür diñe ruh saglygna ýykgyn ederdim. Tut ýaly sag döwürlerim. Indi bolsa, menem il deñinde aýaklansam, berhizlerden, çäklendirilmelerden sypynsam, ejem ýaly selälige turup, iýesim gelenje zatlardan arkaýyn iýsem, soñam agzymy açsam özümden monça bolup diýýän. Ana şonda bu keselçilikde ýitiren kglarymam, çöken göwnimem ýerine geläýjek ýaly. Şonda, Jepbar Hansähet halypañ sazlary köñlüme gussa, gözlerme ilden ogryn ýaş däl-de buýsanç bolup dolaýjak ýaly... Rejep atly tanyş-u-ilen-çalanlar ýadyma düşýär...ýazasym gelýär haçandan bäri. Şujagazyñ yzyny dowam etmäge-de ysgynym ýok. Ah. Kän zat. Şeýlebir kän zat aýdasym gelýär. Urulýan ukollar, berilýän tabletkalar, kökümi köwleýän ýaly... lukmanlar mähirli, şepagat uýalary adyñy soraman bilýäler. Gürletmän düşinýäler. Bar zat arassa. Ak. Bir men. Diñe ýekeje özim mamamlañ gapysyndaky garry tut ýaly garalyp barýan. Birdenem özimi Jepbar halypañ elindäki gara gazma öwrilip barýan ýaly duýýan... birden bolsa ölimem göziñe yssy görinýär. Men ol ýerden gözläp taparyn diýip, bulaşyk añyma adam atlary girýär: "Ýesenin, Gurbannazar, N.Halmämmet, G.Ford,  Jepbar Hansähet, Gara batyr..... " olar gaty kän... birden ukallaryñ güýjinemi nämemi agyrylar aýrylýar. Ölüm-sowuk. Hyýalymdaky adamlar bolsa gapdaljygymda. Hat-da gulagmyñ agzynda. Jepbar halypañ elleri ýetişibildiginden saz çalýar. "Teşnid", "Berkeli çokaý"... añymda Mylly aga ikisiniñkini deñeşdirjek bolýan. Añam bir şeýtan zat. Bar durkym bilen saza berilýän...
Soñ Magtymguly (Garly)aga gelýär: "Ah bile ötürdüm ýazy-güýzüni-i-eý!"...
Kimdir birleri geñirgenýär. Soñam borçlaryny bitirip ýanymdan çykýarlar. Olar maña düşinenok... menem olara...

@ÖTEGÇI  08.fewral.2022ý  13:24
5 лайков 188 просмотров
11комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ötegçi
Автор 08 фев 2022, 14:09
Ýarawsyz bolsañ ötegçidigiñe hasam gowy akyl yetirýan ekeniñ....
Belki
08 фев 2022, 14:15
Nähili gowy ýazypsyñyz!Berekella Ötegçi awtor!
Ötegçi
Автор 08 фев 2022, 14:22
Belki,
Sagbol, doganjan. Kimdir birine ýüregmi dökesim gelip ýazyşym boldy. Agzyñyzy açmakañyz mañada sagalmagym üçin dileg etseñiz, belkem bahym sagalardym...
Liwerpul_fc
08 фев 2022, 15:25
Gowy ýazypsyň?

Sagalyp,öňkiň ýaly bolmak,maşgalaň bilen degşip-gülüşip ýaşamak nesip etsin. Kesellemeýän (kesellemejek) adam ýok,esasy göwnüňi çökerme! Görmedik ýaly bolup gidersiň nesip bolsa!
Hiayres
08 фев 2022, 15:26
Цитата: Ötegçi
Ýarawsyz bolsañ ötegçidigiñe hasam gowy akyl yetirýan ekeniñ....


"Bar zadyň gadry ýok" diýýälermi?! Janam, saglygam şeýledä... Janyň sagat wagty müň aladaň bar, hassa bolsa diňe bir.

Oňatja oýlanma.
myhman
08 фев 2022, 16:18
@Ötegçi Allajan hiçkime dert bermesin siziňem gysga wagtda sagalyp maşgalaňyzyň arasynda degişip gülşip oturmagyňyzy Beýik Biribardan dileg edýärin.
GulTac Mugallym
08 фев 2022, 16:49
Jigimjan Menem dertli ikimiz Dertdes ekenik. Derdin daglara daslara gitsin. Derdim ozume derman ekeni. Yaramasam kop garyndaslarym bn didarlasyan.
Belki
08 фев 2022, 18:26
Ötegçi,hemme gün beklämok.Beklän günüm (penşenbe) dileg ederin!Sag-aman gutulyñ!Ýöne namazda-da bäş wagtyna diläp beräýerin.Bu gün bir habar alyp begendim:Ýaşy menden ulurak bir kursdaş gyzymyñ bagty açylsyn diýip namazda kän diläpdim.Şu gün şoña guda bolnaýmagy ähtimalmyş diýip eşitdim.Belki,dilegimiñ size-de haýry degäýedi-dä.
DonMaxx
08 фев 2022, 19:51
sag aman gutul doganjygym Ötegçi,
Ötegçi
Автор 08 фев 2022, 22:42
Liwerpul, Hiares, myhman, blesk sagja boluñ hemmäñiz!!
Belki, menem bir mollymuma dileg edip bererdim, haýyş etse. O wagt kićijik çagajykdym. 10 ýyla çagasy bolan däldir. Yzly yzyna 3 sany goç ogly boldy. Bu wagt korpesi okuwny gutaryan bolsa da bardyr. Diyjek bolyanym, biziñ bir birine dileglermiz kabul bolagan bolýan bolmaly. Onda görjegi gowlyk bolsun, durmuş gurmak meselesinde de haýyrlysy bolsun dbem goşarsyñyzda(yuz bersem yuzin düşdi diymaweriñ. Birem, mendenem size soz her namazdan soñky dileglerime adyñyzy goşaryn nesip bolsa(adyñyzy familýañyzy bilýän goshgy
Ötegçi
Автор 08 фев 2022, 22:43
DonMaxx, ämin doganym