ŞÜBHELERI SYRÝAN DELIL

Balhda ýaşan pirleriň biri wagtal-wagtal adamlary ýanyna
üýşürip wagyz-ündew eder eken. Ol: «Mende Allanyň bardygyny
subut edýän ýüz sany delil bar. Geliň, öwredeýin» diýip, ýörite sapak berer eken. Emma şol ýere täzelikde göçüp baran bir ýaş ýigidiň
onuň maslahatyna barmaýandygyny pire aýdypdyrlar. Pir bu ýigidi
öýüne getirmek üçin her hili usullar ulanyp görüpdir, emma ol öz
okuwy, ylym-bilimi bilen meşgul bolup ýörüpdir. Ahyry piriň özi
ýigidiň huzuryna barypdyr. Onuň näme üçin öz söhbetlerine gatnamaýandygyny, özünde Allanyň hakykatyny subut edýän ýüz deliliň
bardygyny aýdypdyr. Ýigit edep bilen jogap beripdir: «Hormatly pir,
delil şübhäni aradan aýyrmak üçin gerek. Mende bolsa Allanyň barlygyna hiç hili şübhe ýok, şonuň üçin bu zadyň maňa ähmiýeti ýok.
Men özüme gerekli zatlary öwrenmek isleýärin» diýipdir. Taryhçylar
bu ýigidiň Nejmeddin Kubradygyny öz eserlerinde ýatlapdyrlar.
1 лайков 93 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.