BAR BOLSA, GÖRKEZIŇ...(okuwçyň sözine bak!)

Hudaýa ynanmaýan mugallymlaryň biri synp otagyna giripdir. «Okuwçylar, siz şu kitaby gözüňiz bilen görýärsiňizmi?» diýip
sorapdyr. Okuwçylar: «Hawa, görýäris» diýip, jogap beripdirler. Ol:
«Görýän bolsaňyz, bu şonuň hakykatdan hem bardygyny aňladýar»
diýipdir. «Siz şu suratlary gözüňiz bilen görýärsiňizmi?» diýip, diwardaky suratlara elini uzadypdyr. «Hawa, görýäris» diýip, jogap beripdirler. Ol: «Görýän bolsaňyz, bu şonuň, hakykatdan hem, bardygyny
aňladýar» diýipdir. Soňra «Okuwçylar, siz Hudaýy gözüňiz bilen
görýärsiňizmi?» diýipdir. Olar: «Toba, ýok, göremzok» diýipdirler. Ol
mugallym: «Görünmeýän bolsa, bu onuň ýokdugyny aňladýar» diýipdir. Şol wagt synpdaky okuwçylaryň biri ör turup: «Okuwçylar, siz şu
387
mugallymyň akylyny gözüňiz bilen görýärsiňizmi?» diýip sorapdyr.
Okuwçylar: «Ýok, göremzok» diýipdirler. «Görünmeýän bolsa, bu
onuň ýokdugyny aňladýar» diýip, ol okuwçy jogap beripdir. Her bir
zadyň hakykatdygyny, bardygyny ýa-da ýokdugyny bize görünýändigi ýa-da görünmeýändigi bilen kesgitlemek ýalňyş düşünje.
Köne rowaýatlara görä, ylmyň soňuna çykandyryn öýdýän
ýaş-ýeleňleriň biri görünýän we görünmeýän zatlaryň jedelini edip,
uly pirlere hem muşakgat bolup otyrmyş. «Bar bolsa, görkeziň, subut
ediň» diýip, öz diýenine tutup oturypdyr. Ahyry onuň bu kejirligine
çydamadyk pirleriň biri ýaňky oglanyň ýüzüne şarpyk çalyp, mazaly
awundyrypdyr. «Tagsyr, edýäniňiz näme, ýüzüm awap, agyryp dur»
diýip, oglan aňk-taňk bolupdyr. «Men-ä seň ýüzüňde agyry göremok» diýip, pir aýdypdyr. «Ine, şu uran ýeriňiz agyrýar» diýip, ýigit
ýaňagyny görkezipdir. Pir oňa: «Ýok, sen maňa agyrýan ýeriňi däl-de,
agyryny görkez, ynanaýyn» diýipdir. Şondan soň oglan bardygyny
duýup bolýan her bir zadyň görkezmek ýa-da görmek arkaly subut
edilmeýändigine hem düşünipdir.
9 лайков 200 просмотров
8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
noname
27 ноя 2021, 20:04
Ynanmaklyk görmezlikden amala aşyrlýar. Göreñsoñ sen eyyam şayat bolyañ.
Garabufer
27 ноя 2021, 20:42
Enşteyiniñ ,öz profeser mugallymy bn eden jedeli bu gūrrūñler.
Okuwcyñ yada piriñ gūrriñi däl bu
Maksat
27 ноя 2021, 21:24
Like.
Realist
27 ноя 2021, 23:20
Dani jorajan indi rahatlan señ mowzugyñ halananda dur. GOWY EKEN MUNDAN SAPAK ALSA BOLJAK LIKE
Enejan
28 ноя 2021, 00:12
like manyly eken
NEMOO
28 ноя 2021, 06:39
++++
#динара.
28 ноя 2021, 07:07
Dani gecjek ekena blogyñ.Alyp bilmedik aryñ barmy diýýäñ
Nurana
28 ноя 2021, 19:16
Likeee+++++ brawo