DURMUŞ SAPAGY
Bir adamyň dört sany ogly bar ekeni. Kakasy olara hem öz hereketi, hem-de pähimli sözleri bilen öwüt-ündew berer ekeni. Bir gü-
nem ol ogullaryna durmuşyň her menzilinde, dürli pursadynda peý-
dasy degjek bir sapagy bermek isläp: «Hiç wagt howul-hara netije
çykarmaň we ýagdaýlara ýüzleý seretmäň» diýipdir. Ol dört ogluny
hem ýanyna çagyrypdyr: «Şu ýerden ençeme menzil uzaklykda, pylan ýerde äpet bir daragt ösüp otyr. Şol daragty oňat synlaň we ol
hakdaky pikiriňizi aýdyň» diýip sargapdyr. Ogullaryň dördüsi hem
uzak ýola rowana bolupdyrlar. Hersi öz saýlan ýoly, öz ugry bilen gidipdir. Ýylyň ahyrynda ählisiniň başy jem bolanda, kakalary olardan
gören zatlary hakda, esasanam, şol äpet daragt hakda gürrüň bermeklerini sorapdyr. Uly ogly: «Ol agaç betgelşik we gury bir zat ekeni»
diýipdir welin, ikinji ogul ör-gökden gelipdir: «Goýaweri, asla beýle
däl, ol daragt-a ýaşyl ýapraklara çümüp otyr» diýipdir. Üçünji ogul
hem bularyň gürrüňlerine geň galypdyr: «Siz başga ýerdäki daragtyň
gürrüňini edýäňiz öýdýän. Men görenimde-hä ol daragt owadan güllere basyrynyp, töwerege gelşik berip duran ekeni. Gülleriniň hoşboý
ysy bolsa her kimsäniň göwnüne hoş ýakýardy» diýipdir. Körpe
ogul öz sözleri bilen bu daragtyň gürrüňini jemläpdir: «Ol daragtyň
datly-datly miweleri bar. Saýasynda düşlän adamlar süýji miwelerinden iýip, dem-dynçlaryny alyp, onsoň ýola düşýärdiler» diýipdir. Şol
bir daragt hakynda her ogluň biri-birinden parhly pikirleri bar ekeni. Kakasy ogullarynyň gürrüňlerini diňläpdir we munuň hikmetini
düşündiripdir: «Siziň her biriňiz ony dürli pasylda görüpsiňiz. Uly
oglum gyş paslynda görüpdir, ikinji oglumyň gürrüňi ýazdan habar
berýär. Üçünji oglum tomusda baran bolmaly. Körpe oglum bolsa
hasylly güýzde görüpdir. Hut şonuň üçin hem her bir daragta ýa-da
her bir şahsa baha berjek bolsaňyz, onuň diňe hut şol möwsümdäki
385
ýagdaýyna görä baha beriň. Diňe gyşdaky ýagdaýyny görüp oňsaňyz,
bahardaky owadanlygyny, tomusdaky saýalaryny we güýzdäki miwelerini görmezlige saldygymyz bolar. Beýtsek, olar hakda dogry-sagdyn düşünjä eýe bolmarys» diýipdir.
Diňe bir şahs ýa daragt babatynda däl, durmuşyň her pursadynda
hem şundan ugur almak gerek: ömrüňizdäki birje ýagdaýlara esaslanyp, tutuş durmuş ýa-da geljek hakda kesgitli netije çykaryp bolmaz.
Gyş ýaly görünýän käbir ýagdaýlaryň yzyndan bahar jemally bagtyň
gülüp bakýandygyny ýadyňyzdan çykarmaň.

3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.