HÄSIÝET

Güneşli günleriň birinde mugallym okuwçylaryny ýanyna alyp,
gezelenje çykypdyr. Halypalaryň her bir ädiminde ders alarlykly bir
waka ýüze çykýar. Bu gezek hem mugallym okuwçylaryna adaty
bolşy ýaly durmuş sapaklarynyň birini bermegi ýüregine düwen ekeni. Ol okuwçylarynyň birini ýanyna çagyryp, ýaňy oturdylan ýaş
nahallaryň birini sogrup gelmegi buýrupdyr. Okuwçy birbada bu talaba geňirgense-de, halypasynyň buýrugyny dessine berjaý edipdir.
Mugallym oňa ýene bir nahaly sogurmagy buýrupdyr. Okuwçy ikinji
nahal üçinem kynçylyk çekmändir. Üçünji nahal hem ýeňillik bilen
sogrulypdyr. Soňra mugallym şol ýerde ösüp oturan äpet daragty
görkezip, şony sogrup gelmegini tabşyrypdyr. «Ýoldaş mugallym,
bu mümkin däl, bu bir äpet, köp ýaşan daragt ahyry. Ony sogurmak
beýle-de dursun, ýerinden gozgamaga hem gurbatym çatmaz. Muny
beýlekilerem başarmaz» diýipdir. Mugallym ýylgyrypdyr we okuw-
çylaryny töweregine jemläp: «Biziň ýaramaz endiklerimiz edil şu
nahallar ýa-da daragtlar ýalydyr. Wagt geçdigisaýy olar barha ösüp,
berkäp, galňap, äpet bir daragta öwrüler we ony düýbünden sogrup
aýyrmak kyn bolar. Bize öz ýaramaz häsiýetlerimizden saplanmak
agyr düşer. Belki, başarmazlygymyz hem mümkin. Ýöne ýaş mahalymyz ýa-da ýaramaz endikleriň ýaňy ýüz berip başlan mahaly, olardan saplanmaga ymtylsak, yhlas etsek, onda ýagşy häsiýetli adamlar
bolup galarys» diýipdir.
1 лайков 76 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.