DERMAN(doly okaň)
Mekdebiň howlusyndaky daragtlaryň saýasynda bir zada
tiňkesini dikip oturan okuwçy mugallymyň ünsüni özüne çekipdir.
Ep-esli wagtlap bir durkuny üýtgetmän, nirädir bir ýere garap oturmasy, ýüzünde joşgun alamatlarynyň bolmazlygy, onuň ýüreginde düýpli
aladalaryň köwsarlaýandygyndan habar berip duran ekeni. Mugallym
okuwçynyň ýanyna baryp, «eger pikirlerine päsgel bermeýän bolsa,
şol ýerde oturmak isleýändigini» aýdypdyr. «Geliň, ýoldaş mugallym,
heý-de orny ýürekde bolan ussatlarymyzyň pikirlerimize päsgeli bolarmy, gaýta, pikirlerimizi saýhallamaga, ugrukdyrmaga ýardamyňyza
mätäç» diýip, okuwçy jogap beripdir. «Zerre haýrymyz degse-de, biz
dag ýaly hoşnutlyk duýýarys. Ýogsa-da, seriňi dumanladýan aladalar näme? Iki bolup, daşyna geçsek, olaryň dogry çözgüdini taparys» diýip, mugallym özüniň pikir alyşmaga ilgezikdigini mälim
edipdir. Okuwçy biraz ýaýdanypdyr, soňra içini döküp başlapdyr:
«Ýoldaş mugallym, men durmuş hakyndaky hasaplarymda ýa bärden
gaýdýaryn, ýa-da öte geçýärin. Näme üçindir garaşýan zadym hasyl
boluberenok. Alnymdan çykýan zatlar bolsa meni begendirenok. Men
şu iki ýagdaýy sazlaşdyryp bilmän geçdim. Haýsy pikirlere göwnümi
baglajagymy bilmän, aljyrap galdym» diýip, okuwçy ünjüli dillenipdir. Mugallym oňa şeýle jogap beripdir: «Her kim öz durmuşyny özi
has gowy bilýär. Durmuşda biziň pikirlerimizi eýeleýän, esasan, iki
zat bar. Birinjisi, biziň üçin gyzykly zatlar. Ikinjisi, biziň üçin gerekli
zatlar. Ine, biz şu ikisini ylalaşdyryp bilemzok. Ýöne gyzykly zatlaryň
hemmesi gereklidir öýtme. Gerekli zatlaryň welin, gyzygy öz içinde
ýygşyrylgy durandyr. Özüňe ähmiýetsiz zatlary terk et, olaryň pikirini etmekden uzaklaş. Diňe durmuşyňa peýdasy bolan zatlara ünsüňi
gönükdir. Onsoňam, haýsydyr bir zadyň ähmiýetini, gymmatyny şol
zadyň saňa ýaraýandygy ýa-da ýaramaýandygy bilen ölçeme. Derman
ajy zat, emma ol biziň dertlerden gutulmagymyza, şypa tapmagymyza
sebäp bolýar. Şonuň üçin hem mundan buýana özüňe gerekli zatlara
gyzyklan, durmuşyňa ähmiýetli zatlara ýapyş. Şonda aldym-berdime
salýan baş aýlaýjy pikirlerden saplanyp, durmuşyň hakyky mazasyny
duýup ýaşarsyň» diýipdir.

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.