KÖŇÜL AÝNASY
Ýaş oglanlaryň biri diwarda asylgy duran dürbini alyp,
daş-töweregini synlapdyr. Täsin zat – uzak aralykdaky zatlar hut
ýanyňda ýaly görünýän ekeni. Ol atasynyň ýanyna baryp, bu täsinligiň
täsirini paýlaşmak isläpdir. «Ata, seret, dürbi diýilýän zat örän täsin
ekeni. Hol uzakdaky zat hem edil aýaňda ýaly görünýär. Ýöne ýakyndan gördügiňçe, siňe synladygyňça, olaryň reňki öçügsi ýa-da tutuksy
bolýan ekeni. Köp zady golaýdan däl-de, uzakdan tanap ýörseň, has
gözel görünýär» diýipdir. Atasy agtygynyň elindäki dürbini alypdyr
we az salym eýlesine-beýlesine seredişdirip, soňra yzyna uzadypdyr. «Käteler bir zat hakdaky pikirlerimiz dogry düşmänem bilýär.
Birbada maňzymyza batmaýan, halamaýan zatlarymyz soňlugy
bilen biziň üçin haýyrly, peýdaly bolup çykýar. Şonuň üçin bir gezek
synlanyňdan soň kesgitli netije çykarmaga howlukmaly däl, belki-de,
biziň özümiz dogry saýgaryp, aýdyň görüp bilýän däldiris. Belki-de..
özümiz görmek isleýän däldiris...» diýip, atasy ýylgyrypdyr. «Ýok,
ata, asla beýle däl, gowy, gözel zady näçe golaýyňda gördügiňçe ýakymly ahyry, ýöne, ine, seredip gör, ýakynlaşdygyça bularyň reňki
we görki ýitip başlaýar» diýip, dürbini gaýtadan eline alyp, synlamaga başlapdyr. Nazar aýlasa, daş-töwerek şeýle bir dury, nurly, her
bir zat – agaçlaram, adamlaram, guş-gumrularam öz reňki-roýunda,
parlaklygynda, röwşenliginde ekeni. «Ata, siziň eliňiz degdi welin, bu dürbi has dury görkezip başlady. Munuň syry nämede?»
diýip, ýaş oglan bilesigeliji nazaryny atasyna dikipdir. «Oglum, bu
ýerde men üýtgeşik zat etmedim, men diňe dürbiniň aýnasyna siňen
çaň-tozanlary süpürişdirdim. Biz käteler başga zatlara gümra bolup,
öz köňül aýnamyza üns bermegi unudýarys. Kalbyň öňüni gubar bagladygyça, dünýäni we durmuşy öz gözelliginde görmek mümkinçiliginden mahrum bolýarys. Her bir zady çaň gatyşykly şekilde kabul
edýäris. Şonuň üçin, wagtal-wagtal kalp aýnasyna, köňül gözgüsine
elimizi degirsek, ol ýere setanda-seýranda siňen we ýalňyş düşünjeleri
oýarýan çaň-tozanlary syryp-süpürip dursak, onda biz her bir zady
hakyky öz keşbinde, owadanlygynda görüp bileris» diýip, atasy jogap
beripdir.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.