JADYLY TAÝAK(+++)
Ýaş ýigitleriň biri ähli arzuwlaryňy bir demde hasyl edýän jadyly
taýak edinmek isläpdir. Ol kakasyndan ýol harjyny, azyk-owkatyny
alyp, töwerekdäki tanymal bir alymyň öýüne barypdyr. Bu alym şol
jelegaýlardaky iň meşhur alymlaryň, şägirt ýetişdirýän mugallymlaryň
biri ekeni. Ýigit öz matlabyny aýdypdyr: «Men diýeniňi dessine hasyl
edýän jadyly taýak edinmek isleýärin. Munuň üçin nämeleri we näçe
ýyl okamaly bolsa-da taýýar. Zähmetden gaçmam ýokdur. Haýsy işi
buýursaňyz, aýdanyňyza mähetdel, gyssagy bilen ýerine ýetirerin.
Men şol taýagy edinsem bolýar» diýipdir. Alym bu ýigidi synlapdyr.
«Jadyly taýagy edinmekden maksadyň näme? Ony nämä ulanjak?»
diýipdir. Ýigit: «Arzuwlarymy hasyl etmäge ulanmakçy. Bu öz-özünden düşnükli ahyry» diýip jogap beripdir. Alym oňa: «Ol gaty seýrek
gabat gelýän zat. Ony taýýarlamagam, ýasamagam aňsat däl. Ýöne
sen bu zähmete döz gelip bilmezligiň mümkin. Üstesine, onuň bir
ynjyk tarapy bar. Taýýarlaýan wagtyň işiň çylşyrymlydygyndan, kyndygyndan ejizläp, sähel bir «ah» diýseňem, ol öňki adaty katdyna dolanýandyr. Ählisini gaýtadan başlamaly bolarsyň» diýipdir. «Ol şeýle
kynmy?» diýip, ýaş ýigit sorapdyr. «Aňsat zat bolsa her kimiň elinde
bir jadyly taýak bolardy» diýip, alym dillenipdir. «Her näme-de bolsa,
men synanyşyp göreýin. Köpden bäri serimden çykmaýan hyýal bu,
belki, nesibämde bardyr» diýip, ýigit uludan dem alypdyr. «Munuň
üçin ilki bilen ýüz düýp agaç nahallaryny oturtmaly. Olaryň ideg-ysywatyny ýetirip durmaly. Soňra ýetişen daragtlaryň haýsysynyň şahasy
jadyly taýak ýasamaga laýyk bolsa, saýlap almaly. Şol taýaga jadyly
gudraty salmak üçinem zerur ylymlary öwrenmeli. Öwrenmek we
taýýarlamak näçe ýyla çekýänem bolsa, bir pursat hem ýan bermeli
däl, ejizlemeli däl, ýaltanmaly däl, ýaýdanmaly däl. Yhlasyňa görä
onuň güýji artyp gidýär» diýipdir. Ýigit alymyň bu şertleri bilen
ylalaşypdyr. Ep-esli ýyllap her bir aýdylan işi ýadaman-ýaltanman
ýerine ýetiripdir. Sowat alypdyr. Bilim öwrenipdir. Ylym goruny artdyrypdyr. Dürli-dürli ylymlary özleşdiripdir. Her bir öwrenen zadyna
amal edipdir. Tejribeler geçirip, birnäçe täze zadyň üstüni açypdyr.
Agaç şahalaryny we olaryň gurluşyny, peýdaly täsirlerini, biri-birine
sapmak arkaly täze ösümlikleri döredip bolýandygyny öwrenipdir.
Olary haçan ekmeli, nirede nähili peýdalanmaly, beýlekilere neneňsi
kömek etmeli, mahlasy, durmuşa we äleme dahylly ylym-bilim hem
alypdyr. Ol oglanlykda göz öňüne getiren, arzuw eden mal-mülküne,
dereje-mertebesine hem gowşupdyr. Bir gün halypasy bilen özara
söhbet edip otyrka: «Meniň jadyly taýak hakdaky arzuwym-a amala aşmady. Oňa derek göwün islän zadymy gazanyp bilýän derejede
mümkinçiligim, gurbum boldy» diýipdir. «Ýöne sen meniň ýanyma
geleňde eýýäm eliňde jadyly taýak bardy» diýip, alym dillenipdir.
«Düşünmedim, mende hiç zat ýokdy» diýip, ýigit geňirgenipdir. «Biz,
köplenç, her bir zada göni manysynda düşünmäge endik edipdiris.
Sende jadyly taýagyň bitirip biljek işini başarýan arzuwlar, döredijilikli pikirlenmeler, ynam we ýeterlik yhlas bardy. Şu dördüsiniň bir
ýerde jem bolmagyny jadyly taýak diýip kabul edäý. Onsoňam, her bir
ynsanyň pikiri onuň üçin jadyly taýak, eger-de ony beýik maksatlar
üçin ulansa, ýogsa-da, ol jadyly taýak däl-de, bir gury agaç şahasy
ýaly zat. Meniň üstüme düşen wezipe seniň pikirleriňi dogry-düzgün
bir tarapa gönükdirip, ugrukdyryp bilmekdi. Men şeýle-de etdim»
diýip, myssa ýylgyrypdyr.
Ýogsam-da, siz öz pikirleriňizi beýik maksatlar üçin sarp edip,
ony jadyly taýaga öwrersiňizmi ýa-da onuň gury agaç şahasy bolup
galmagyna razymy?

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.